Beýik Britaniýa XIX asyryň I ýarymynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: Beýik Britaniýa XIX asyryň I ýarymynda

M E Ý I L N A M A

1. Angliýada Wiktorian zamanasynyň başlanmagy.

2. Iňlis hökümetiniň daşary we baknalyk syýasaty.

3. Angliýanyň halkara jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň merkezine öwrülmegi.

Beýik Britaniýa XIX asyry kyn we dartgynly ýagdaýda garşy aldy. Döwletiň karzy 450 mln funt-sterlingden aşdy. Ýurduň premýer-ministri ýylda 60 funt girdeji alýanlara salgyt girizdi. Ýylyň ýylyna dyngysyz ygalyň ýagmagy oba-hojalyk önümleriniň esasan hem gallanyň öndürilişini kemeltdi. Şeýle ýgdaýlar ilatyň esasy böleginiň arasynda närazylyk döredýärdi. Hökümet şolara garşy dürli çäreleri geçirýärdi. 1801-nji ýylda hökümet Irlandiýanyň parlamentini we öz-özüni dolandyryşy gadagan etdi. Bir ýyl öň 1800-nji ýylda iş hakyny artdyrmak we iş gününi gysgaltmak ugrunda hereket edýän “dostluk jemgyýetiniň” işini gadagan etdi.

Emma amala aşyrylýan jezalandyryş çäreleri uruş howpuny aradan aýyrmalydy. Milllet Fransiýa tarapyndan abanýan howpdan ägedi. General Napaleon Bonapartyň Gollandiýany we Ispaniýany basyp almagy, onuň Ýakyň Gündogara aralaşmagy Bretan häkimiýetiniň öňünde güýç toplamak meselesini goýdy. 1798-nji ýylda döredilen 2-nji antifransuz topary (Russiýa, Awstriýa, Portugaliýa, Türkiýe, Napaleon şalygy) 1800-nji ýylda Awstriýa goşunlarynyň fransuzlardan ýeňilmegi bilen dargady. Beýik Britaniýa ýene-de ýeke galdy.

Emma ol 1801-nji ýylda Malta adasyny basyp aldy. 1802-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Angliýa bilen Fransiýanyn arasynda ýaraşyk baglaşyldy. Şol şertnama boýunça Beýik Britaniýa tarapyndan basylyp alnan bakna ýurtlaryny Fransiýany, Ispaniýa, Gollandiýa gaýtaryp berdi.

Emma parahatçylyk şertnamasy wagtlaýyndy. 1806-njy ýylda Napaleon Prusiýany basyp aldy. 1807-nji ýylda Russiýa bilen Filzit ýaraşygy baglanyşyldy.

Napaleon Britaniýany Ýewropadaky çig-mal, satuw bazarlaryndan mahrum edýäridi. Angliýa ýene-de basybalyjy Fransiýa bilen bire-bir galdy.

1808-nji ýýlda Napaleonyň Ispaniýa aralaşmagy güýçli garşylyga duçar edildi. Pireneý ýarym adasynda iňlis ekspedision bölümi düşürildi. Oňa general Uelsli ýolbaşçylyk etdi. Elbetde, Napaleonyň Ýewropa kontinentine garşy guran ýörişi hökmany suratda oňa garşy güýçleriň bileleşigini döretmegi talap edýärdi. Täze bileleşigi döretmek bolsa Russiýasyz mümkin däldi. Emma Angliýa häli Russiýa bilen uruş ýagdaýyndady. Elbet-de, iňlisler şol döwrüň ägirt uly syýasatçysy Jorj Kanningiň belleýşi ýaly bu 2 döwletiň 1-i 1-ne garşy durýanlygyna gaty gynanýardylar. Hat-da rus admiraly Lenýawiniň baştutanlyk edýän Ortaýer deňzi eskadrasy Portugaliýanyň golaýynda ýeňilip ýesir düşürdi. Ýöne iňlisler Ruslara kän azar bermäni olaryň Beýik Britaniýa gelmegine şert döretdilere, hem-de deňiz ýüzüjileriň aglaba bölegine Riga getirip düşurdiler, soň gämileri hem 1812-nji ýylyň Oguz aýynda Bütin Britaniýanyň demi ýeňledi. Ahyrky ýyllyk iňlis fransuz özara göreşi tamamlandy.Ýaňadan ýene-de Russiýaň, Anglýaň, Prusiýanyň, Awstriýaň we Şweziýaň ýaragly güýçleri birleşip Fransiýany derbi-dagyn etdi. 1814-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Napaleon tagtdan el çekdi. Indi Beýik Britaniýaň özünde mümkin bolandygyça Ýewropadan hat-da Ýer ýüzünde öz täsirini güýçlendirmek wezipesi durýardy. Ol ilki bilen Malta, Seýlon adalaryny, Günorta Afrikanyň 1 bölegini özüne tabyn etdi. Şeýlelikde, Angliýa Ýewropada söwda we harby-deňiz agdyklygyny üpjün edip, güýçleriň mynasybteiniň esasyny goýdy. Uruşdan soňky ýyllar Angliýa üçin agyr boldy. Goşuna we flota harby deňiz flotyna harç edilen ýaraglar, enjamlar, egin-eşik, azyk onuň ykdysady ýagdaýyny has gowşatdy. Ondan başga-da XIX asyryň başlaryndaky kontinental gabaw ýurdy adaty azyk önümleri we çig mal çeşmelerinden mahrum etdi. Indi iňlisler öz-özüni eklemelidi. Şonuň üçin fermerler goşmaça boz ýatan ýerleri özleşdirmäge girizdi, ol bolsa täze çykdajylary talap edýärdi, şonuň üçin fermerler banklardan karz alýardy. Emma bu işlenip çykylan ulgam birden ýykyldy. Goşundan boşadylan adamlar işçi güýjüniň bazasyny doldurdy, olaryň bir bölegi oba hojalyk bilen meşgullanyp başlady. Hökümete gelen Jorj Emmanuel we onuň egindeşleri Angliýany uzak möhlet dolandyrdy. Taryhda oňa iň uzak hökümet diýip at berildi. Bu hökümetiň dolandyran döwründe ýurduň senagaty ösüp başlady. Emmanuel onçakly başarjaň döwlet işgäri däli, ýöne ol özüniň daşyna has işjeň, başarjaň adamlary toplap öz pikirlerini aňsatlyk bilen durmuşa geçiripdi. Ýurduň içerki kanunçylygynda hem etmeli işler kändi. Adaty Angliýada kanunlar ýüzlerçe ýyl hereket edýärdi, olar wagtyň geçmegi bilen köneleşýärdi. XIX asyryň I ýarymynda ýurtda orta asyrlardan galan jenaýat hukugy hereket edýärdi. Mysal üçin ogurlyk üçin ölüm jezasy berilýärdi. Şonuň üçin eýýäm bu döwürde oturdaşlar şonuň ýaly jenaýatkärleri ölüm jezasyndan saklap galmak maksady bilen olary saklaýardy. Özünde içeri işler ministri wezipesinde işlän ser K.Pil parlamentiň üsti bilen jenaýat hukugynyň 100-den köpräk maddasyndan ölüm jezasyny aýyrmagy gazandy. Şeýle hem ol türme düzgüniniň ýumşadylmagynyň kararyny hem parlamentden geçirdi. Indi Londanyň we 17 şäheriň türmeleri ylalaşdyryjy maslahatçylaryň garamagyna berildi. Şol sanda K.Pilä ilkinji gezek Londonda soň bütin ýurtda sakçylaryň deregine hemişelik hereket edýän polisiýany döretmek başartdy. 1819-njy ýylda Liwerpulyň hökümeti sosial kanunçylyga hem üýtgeşme girizdi. Parlament öz karary bilen 9 ýaşa ýetmedik çagalary işe kabul etmegi gadagan etdi. 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň iş wagty 10,5 sagat kesgitlendi. Robert Kasleri daşary syýasata ýolbaşçylyk bermek edýärdi, ol esasan Ýewropa işlerini kadalaşdyrmakda uly işler geçirdi. Ýöne ol Aleksandr I-ň Mukaddes bileleşik döretmek teklibini goldamady. Şonuň üçin hem şa Geogr-IV özüniň Aleksandr I-ä jogap hatynda Mukaddes soýuz hakyndaky pikirlerini goldaýandygyny aýtdy. Şeýle hem Italiýa, Ispaniýadaky rewolýusion hereketleriniň basylyp ýatyrylmagy hökümetde alada döretdi. 1822-nji ýylda Kaspriniň deregine Jorj Kaning geldi. Ol özüniň daglary syýasatynda Merkezi we Günorta Afrika ýurtlaryna aralaşyp, şol ýerlerde britan telekeçiligini ösdürmägi öňe sürdi. Angliýada senagat öwrülişigi XIX asyryň 30-njy ýyllarynda tamamlanýar. Esasan hem 1765-nji ýylda Jeýms Uoltyň bug maşynyny aýlap tapmagy 1771-nji ýylda ony kämilleşdirmegi, 1825-nji ýylda Jeýms Stefensiniň Angliýada ilkinji parawozy döretmegine getirdi. Eýýam 1830-njy ýylda Angliýada polat ýollar 100 km-den 1855-nji ýylda 50 müň kem ýetdi. Polat ýollaryň çekilmegi demir magdan, maşyn gurluşygy, dag magdan pudaklarynyň emele gelmegine getirdi. 1830-1850-nji ýyllarda Angliýada 2 mln t çoýun eredilýärdi. Emma şeýle bolsa-da Angliýanyň ykdysadyýetinde dokma senagaty agdyklyk edýärdi. Häli dokma senagaty mysal üçin 1850-nji ýylda kömür gazyp çykarýan pudakda 220 müň işçi işleýän bolsa dokma senagatynda 1 mln 50 müň gowrak işçi bardy. Bu pudagyň öndürýän önüminiň 70% daşary ýurda çykarylýardy. Şeýlelikde XIX asyryň ortalaryna Angliýa senagat önümlerini daşary ýurtlara satmagyň hasabyna her ýylda 70 mln sterling peýda gazanýardy. London dünýäniň söwda we maliýe merkezine öwrülipdi. Ýurduň ilatynyň sany we düzümi hem üýtgedi. 40-njy ýyllarda ilatyň işleýän böleginiň 42%-i senagatda we telekeçilikde, 28%-i oba hojalygynda işleýärdi. Mançestr, Birmengen, Glazgo ýaly şäherler döräp başlady. XIX asyryň 30 ýyllarynda Angliýada işçileriň umumydemokartik akymdan adamdan ybarat, özbaşdak guramasyny döretmek synanşygy başlandy. 1836-njy ýyllarda işçileriň London assosiasiýasy we uly Demirgazyk soýuzy emele geldi. Olar agaç ussasy Wilýem Lowelt, Çartistler Konner, Braun ýolbaşçylyk etdi. Çartistleriň ilkinji komiteti 1839-njy ýylyň Baýdak aýynda bolup, onda göreşiň usullary we görnüşleri hakda mesele maslahatlaşyldy. Maslahatda halk partiýasy adyny alan maksatnama ilki bilen ähliumumy saýlaw hukugyny girizmek görkezilýärdi. Şol maksatnama 1839-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 6-da 1 mln 250 müň gol bilen parlamente gowşurypdy. Parlament Çartistleriň talaplaryny kanagatlandyrmady. Oňa jogap edip faşistik konwent ähliumumy iş taşlaýşy yglan etdi.Yagdaýdan peýdalanyp hökümet konwentiň ýolbaşçysyny tussag etdi. 2-nji gezek 1840-njy ýylda Çartistler Mangeýrde Milli faşistik assosiasiýasyny döretdiler. 3,3 mln gowrak adamyň goly bilen parlamente arza berildi. 1842-nji ýylyň Magtymguly aýynda parlament arzany ret etdi. Çartistleriň soňky 3-nji we ahyrky ýörişi 1847-48-nji ý.onda-da parlament talaplary kanagatlandyrylmady.

Çartizm we hökümet.

Angliýa 19 asyrda dünýäde iň güýçli döwletleriň biridi. Ol dünýä bazarlarynda deňizde has täsirli döwletdi. 1851-nji ýýlda Angliýada halkara senagat sepgitleri geçirilýärdi. Esasan hem London halkara jemgyýetçilik gatnaşyk merkezine öwrüldi, ýurtda otnositel syýasy durnuklylyk şahsyýetiň erkinliginiň kepillendirilmegi bu ýere dürli syýasy pikirli wekilleriň gelmegini üpjün edýärdi. Angliýanyň daşary syýasaty XIX asyryň dowamynda Angliýanyň syýasatynda esasy maksat onuň Ýewropada deňagramlylygy saklamaga gönükdirildi. Ilkinji nobatda Fransiýanyň we Russiýanyň beýiklenmegine garşy şol döwürde iňlis daşary syýasat edarasyna Genri Jon Palmorstan ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň esasan prinsipi bizde hemişelik soýuzdaş ýok. Hemişelik dostlar diňe hemişelik maksadymyz bar, biz ony goldamaga borçludyrys.

Halkara gatnaşyklarda esasan hem iňlis rus gatnaşyklary durnukly däldi. Bu gatnaşyklarda esasy jedwel Balkanda we yakyn Gundogardaky ýurtdy. Angliýa şol döwür Garadeňiz aýaklary, Bosfor, Dardanel aralygyny öz elinde saklaýardy. Ýewropada uly uruşlaryň biri il hem Krym urşydy. Ol esasan hem Balkanda we Ýakyn Gündogarda öz täsirini güýçlendirmek üçin Angliýa bilen Russiýanyň arasyndady.

Umuman XIX asyrda Angliýanyň halkara abraýy artyp, ol dünýäniň iň güýçli ýurtlarynyň birine öwrüldi. London halkara gatnaşyklaryň merkezine öwrüldi. Onuň senagatynyň ýokary derejede ösmegi, halkara söwda gatnaşyklarynda, deňizde ýüzmekde bu döwletiň ähmiýetini has hem pugtalandyrdy.