Beýik ösüşlere barýan eziz Watanymyz
Appearance
Beýik ösüşlere barýan eziz Watanymyz
[düzet | çeşmäni düzet]Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gün-günden rowaçlyga beslenýän eziz Diýarymyz bedew bady bilen ýeneki ösüşlerine barýar. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren ajaýyp zamanasynda, ,,Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatyň giňden dabaralanýan döwründe halk baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çuňňur ylmy esaslara daýanýan milli maksatnamalara laýyklykda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Halkymyz döwletimiziň döreden durmuş eşretlerinden peýdalanyp, agzybirlikli zähmet çekmek we milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşmek bilen, röwşen geljegini nazarlaýar. Şunuň ýaly eşretli döwürde ýaşamak, işlemek, döretmek, okamak – bu hakyky bagtyýarlykdyr. Mähriban Diýarymyz, ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, ösüşlerden ösüşlere, üstünliklerden üstünliklere barýar. Ykdysadsadyýetde, medeniýetde, saglygy goraýyşda, bilim, sport, durmuş ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilmegi bagtyýarlyk döwrümiziň esasy aýratynlyklarydyr. Eziz Diýarymyz taryh üçin gysga döwrüň içinde kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen bir-birege hormat goýmaga daýanýan özara bähbitli gatnaşyklar giňden ýola goýuldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistandan çar tarapa türkmen halkynyň myhman-söýerligini alamatlandyrýan dost-doganlyk köprüleri uzaýar. Ýurdumyzyň halkara abraýy belent derejelere göterilýär. Ata Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlylygy, beýleki ulgamlarda bolsa uly ösüşleriň gaz. – bular baky berkararlygymyzyň nyşanydyr. Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin kabul edilen Konsepsiýasy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ýörelgelerini we maksatlaryny aýdyň kesgitlemek bilen, onda degişli döwür içinde ýurdumyzyň ynsanperwer daşary syýasatynyň ugurlary beýan edilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen ýokary hyzmatdaşlykda sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak we özara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işlere özüniň goşandyny goşýar hem-de halklaryň bähbitlerini goraýan öz garaýyşlary, oňyn başlangyçlary bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlar we garaýyşlar dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär hem-de olara ýokary baha berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisinde ,,Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty hakynda” Rezolýusiýa kabul edildi. Şonuň ýaly-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli usullaryny döretmäge girişmek, şeýle hem Merkezi Aziýada nusgalyk awtoulag ýolunyň gurluşygynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak baradaky teklipler bilen çykyş etmegi ýurdumyzyň dünýäde eýeleýän ornuny has-da berkidýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: ,,Biz geljekde hem dünýäniň ähli döwletleri, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri bilen giň gerimli syýasy-diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlygymyzy ösdüreris. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylyk söýüji başlangyçlary durmuşa geçirmäge, üçünji müňýyllykda döwletleriň we halklaryň parahatçylykly hem-de durnukly ösüşini berkitmäge gönükdirlendir” diýip belläp geçýär. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň halkymyzyň asyrlardan dowam edip gelýän dostluk we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslary ösdürmek, dünýäde durnuklylygy saklamak we umumadamzat ähmiýetli hyzmatdaşlygy ýola goýmak döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgesiniň özenini düzýär. Hawa, Türkmenistan döwletimiz daşary syýasat babatda ynsanperwer we parahatçylyk söýüji ýörelgeleri bilen dünýäde özüni tanatdy. Ýurdumyzda dünýä we sebit ähmiýetli duşuşyklar, maslahatlar geçirilýär. Bu ugurda BMG-niň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri boýunça ählumumy we durnukly ösüşe, parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge gönükdirlendir. Ýene-de bir zady belläp geçsek, artykmaçlyk etmese gerek. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Sport – saglygyň sakasy, dost-doganlygyň, parahatçylygyň nyşany. Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi üçin Aşgabadyň saýlanyp alynmagy Türkmen döwletine bildiren uly ynamdyr. Ýurdumyzda Gahryman Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda köpçülikleýin sport we bedenterbiýe hereketiniň giň gerim bilen ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň sportda gazanan üstünlikleri, sporty ösdürmekligiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi we ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegi dütin dünýäde ata Watanymyzyň ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň we sagdynlygyň mekany hökmünde ykrar edilýändiginiň alamatydyr. Aýna Öwezowa Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş uniwersiteti