Mazmuna geçiň

Bathyzyň wyžžyldawuk tomzagy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gatyganatlylar otrýady Wyžžyldawuk tomzaklar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi III (VU). Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Birnäçe aşaky görnüşli, üzlem-saplam ýaýrawly. Türkmen-Horasan daglarynyň endemigi. Gysgaça beýany. Göwresiniň uzynlygy 25–29 mm. Birsydyrgyn gara reňkli, üstki tarapy ýalpyldawuk, käbir halatlarda gapdallary gögümtil öwüşginli tomzak. Ýaýraýşy. Günbatar we Gündogar Köpetdag, Bathyz. Türkmenistandan daşarda — Owganystan, Demirgazyk-Gündogar Eýran. Ýaşaýan ýerleri. Tokaýlyk jülgeleriň we mele toprakly dag etekleriniň efemer ösümlikli ýerleri. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Örän az. Esasy çaklendiriji sebäpler. Serhetabat şäheriniň we Serhetçi şäherçesiniň töwereklerindäki meýdanlardan tomzaklaryň kolleksiýa üçin tutulmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Gysga ömürli ýazky görnüş. Martyň aýagyndan maýyň başyna çenli gündizlerine işjeň hereketde bolýar. Ýyrtyjy, çygly ýerlerde ýaşaýar, mollýuskalar we mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Liçinkasyna ylmy ýazgy berilmedik. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Bathyz döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Höwesjeň ýygnaýjylar tarapyndan tomzaklary tutup almagy gadagan etmeli. Serhetabat şäheriniň we Serhetçi şäherçesiniň töwereklerinde gorag işlerini güýçlendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Ýaýran ýerlerini we biologiýasyny öwrenmeli. Tomzagyň liçinkasyna ylmy ýazgy bermeli. Düzüji: M. G. Nepesowa