Balkan heýlantesi
Balkan heýlantesi — Sinopterisler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi II (EN). Ýitip barýan görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Gadymy, bezeg we derman ähmiýetli ösümlik. Gysgaça beýany. Boýy 5–15 sm bolan köpýyllyk ösümlik. Süýşýän porruklary bilen bajaklary emele getirýär, insiz goňur perde bilen örtülen. Ýapraklary uzyn däl, solgun– ýaşyl reňkde, üst ýüzi ýalaňaç, ýaprak sapajyklary inçe, goňur ýa-da gara reňkde. Ýapraklary süýnmek-ýumurtga görnüşli, üçleýin ýelek şekilli bölünen, spora emele getirýän gyralary gaýyş şekilli. Ýaýraýşy. Merkezi Köpetdag (Deşiklidaş, Gökdere), Serdar şäheriniň golaýyndaky alynky gerişleriň demirgazyk eňňidi, Uly Balkan (Jebel, Nazarykerem), Köýtendag (Aksuw, Daraýdere, Hojeýpil, Kyrkgyz). Türkmenistandan daşarda — Kawkaz, Eýran, Owganystan, Palestina, Ortaýer deňzi, Gimalaý. Bitýän ýerleri. Gaýalaryň jaýryklary, esasan- da hekli gaýalar, kölegeli ýerler, arçalyklar. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Populýasiýalary örän az sanly. 2009‑njy ýylda Uly Balkanyň demirgazyk eňňitlerinde 10 düýbi tapyldy. Esasy çäklendiriji sebäpler. Adamyň hojalyk işi. Yzgaryň ýetmezçiligi. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Sporalar arkaly köpelýär, gyşyň soňky aýlarynda ýapraklary ösüp başlaýar. Sporalary iýun– iýul aýlarynda ýetişýär. Ýetişdirilişi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanika bagynda ösdürmek boýunça synag geçirildi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Gorag üçin zerur çäreler. Ösýän ýerlerini aýratyn gözegçilige almaly. Barlaglar boýunça teklipler. Uly Balkanyň we Kürendagyň derelerinde täze duşýan ýerlerini gözlemeli. Biologiýasyny we ekologiýasyny öwrenmeli. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanika bagyna getirip, ekmeli. Düzüji O. Ý. Rahmanowa