Bagyr keseli

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

BAGYR KESELI — mallarda we adamda bolýan kesel. Bu keseliň ýüze çykmagyna, esasan, iýmit siňdiriji organlaryň, gan hem-de ýürek-gan damar sistemalarnyň kadasyz işlemegi sebäp bolýar. Bagyr keseli käbir halatlarda gysga wagtlyk bolýar, emma agyr ýagdaýda geçýär, käbir halatlarda kesel uzak wagtlap dowam edip, ýeňil geçýär. Mallar Bagyr keseli bilen kesellände, birnäçe alamatlar ýüze çykýar, ýagny bagyr çişýär, onda agyry peýda bolup, nemli bardalar saralyp başlaýar, organizmiň duýgurlygy artýar. Bagyr keseli bejerilende, kesellän mala tiz siňýän ot-iým, glýukoza, urotropin, kampolon ýaly dermanlar, B, K, C witaminleri berilýär