Bagyşla!

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

<poem> Göwnüñ galan ýeri bar bolsa menden, Yşkyñ oýny geçiren bolsa çenden, Soramaly wagty soraman senden, Ykbal sazym çalan bolsam, bagyşla!

Sorag bilen bakan wagtym ýüzüñe, Gahar-gazap dolan bolsa gözüñe, Ýürekden syzdyryp aýdan sözüñe, Yersiz-yere gülen bolsam, bagyşla!

"Bir sen" diyip, saýrap durka dillerim, Manysyzdyr sensiz geçen günlerim, Bahar pasly saña bogan güllerim, Wagtyndan öñ solan bolsa, bagyşla!

Yene saña söýgi getirdi yazym, Ya sen zalym, ya-da zalym meñ özüm. Men sebäpkär bolup köldäki gazyñ Asman sary galan bolsa, bagyşla!

Diñe Alla herki işde penakär, Özge hiç zat edip bilmez günä kär, Bu söýgüde bolup özüm günäkär, Ýuregiñi dilen bolsam, bagyşla!

Meñ mährimi ykbalyña araman, Gezseñ-de sen päk söýgimi goraman, Käbir zady señ özüñden soraman, Ilden sorap bilen bolsam,bagyşla! <poem>