Mazmuna geçiň

Bagana

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

BAGANA — garaköli we beýleki bagana berýän goýunlaryň (maliç, reşetilow, sokol) guzularynyň 1—3 günlükkä soýlup alnan derisi. Tüýüniň reňki boýunça Bagana gara, çal, ak, sur, kamary, gülgaz ýaly görnüşlere bölünýär. Sur Bagana her hili owadan öwüşgin atyp, garaköli bagananyň iň gowularynyň biri hasaplanýar. Eksport söwdasy we harytlyk üçin gara, çal hem sur Baganalar giňden ulanylýar. Bagananyň tüýüniň buýralary özboluşly her dürli bolýar, mes., «Galam gül», «Noýba gül», «Ýal gül», «Ýüzük gül», «Nohut gül». Olaryň iň gowusy «Galam gül» we «Noýba gül» hasaplanýar. B. özüniň harytlyk häsiýeti boýunça birnäçe sortlara bölünýär. Gara bagananyn 21 sorty bolup, onuň iň ýokary sortuna «Žaket» diýilýär. Türkmenistanyň hojalyklarynda öndürilýän Baganalara dünýä bazarynda ýokary baha berilýär. 1967 ýylynda halkara Leýpssig ýarmarkasynda türkmen gara-köli Baganasynyň hiline iň ýokary baha berlip, biziň ýurdumyza altyn medal we Diplom gowşuryldy. Ol sylaglar hemişelik saklamak üçin respublikanyň öňde baryjy hojalyklaryndan biri bolan «Üçajy» tohumçylyk sowhozyna berildi. TSSR-de soňky ýyllarda aýry-aýry hojalyklar ýokary hilli Bagana öndürmäge ýöriteleşdirildi. Olardan «Üçajy», «Rawnina» tohumçylyk sowhozlary we «Gazanjyk», «Amyderýa», «Gyzyl baýdak» tohumçylyk hojalyklary diňe gara reňkli ýokary hilli tohum garaköli dowarlary ösdürip etişdirmek bilen meşgullanýar. «Tallymerjen» tohumçylyk sowhozy, «Bäherden» sowhozy we Çärjew raýonynynyň ähli kolhozlary sur Bagana öndürmek üçii ýöriteleşdirildi, Kerki, Tagtabazar, Mary, Baýramaly, Kaka, Saragt, Çarşaňňy raýonlarynyň kolhozlary, «Galaýmor», «Pobeda» tohumçylyk hojalyklary, «Pograniçnik», «Çemenibit», 26 Baku komissarlary adyndaky sowhozlar çal Bagananyň zonasy diýlip bellenildi. Baganalar Çärjew garakölçülik zawodynda senagat usuly bilen işlenip bejerilýär.