Mazmuna geçiň

Babaýew Hywaly

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Hywaly Babaýew (1902—1941) — sowet döwlet işgäri, SSSR Ýokary Sowetiniň we TSSR Ýokary Sowetiniň deputaty (1 çagyrylyş): 1926 ýylyndan SSKP agzasy, TSSR-iň Gazanjyk raýonynda çarwa maşgalasynda dogulýar. Oktýabr sossialistik rewolýussiýasyndan öň Batrak, soňra tä 1929 ýylyna çenli Gazanjyk teplowoz zwenosynda demir ýol işçisi. 1929—34 ýylarda «Türkmenbirleşigiň» Respublika et taýýarlaýyş kontorasynda jogapkär wezipelerde işleýär. 1934—37 ýyllarda Türkmenistan Ýokary kommunistik oba hojalyk mekdebinde okap, ony tamamlaýar. 1937-nji ýylynyň 12-nji oktýabryndan tä ömrüniň ahyryna çenli TSSR MIK-iň başlygy, SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygynyň orunbasary, TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumyiyň başlygy bolup işleýär. 1941 ýlynyň 30 awgustynda tragiki ýagdaýda aradan çykýar. Babaýew TK(b)P MKnyň çleni hem-de TK(b)P MK-nyň býuro çleni edilip saýlanýar. Ol «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeni bilen sylaglanýar. Aşgabadyň merkezi köçeleriniň biri Babaýewiň adyny göterýär.