Babaýew Çary (1917)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

BABAÝEW Çary (1917) — Sossialistik Zähmetiň Gahrymany. 1952 ýyldan SSKP çleni. Ol Aşgabat raýonynyň Büzmeýin obasynda dogulýar. 1929—43 ýyllarda Aşgabat raýonynyň «RKKA-nyň 12 ýyllygy» atly kolhzynda kolhozçy, 1943—46 ýyllarda Aşgabat oblastynyň gurluşyk trestinde işçi, 1946 ýyldan bäri Aşgabat raýonynyň «TSSR-iň 40 ýyllygy» kolzynda kolhozçy bolup işleýär. Üzümçiligi ösdürmekde we üzümiň hasyllylygyny artdyrmakda bitiren hyzmatlary üçin, 1949 ýylynda oňa Sossialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakylýar. Ol W. I. Leniniň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli, leninçilik ýubileý medaly bilen (1970) sylaglanýar.

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

  • Музалевский М. В. Герои Социалистического Труда. Биобиблиографический словарь. — М.: РИЦ «Кавалер», 2009. — Т. 3. — 181 с.