Mazmuna geçiň

Bab-el-Mandeb

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Bab-el-Mandeb bogazynyň ýerleşişi
Bab-el-Mandeb bogazy

Bab-el-Mandeb (ar. Bab-el-Mandeb — gözýaş derwezesi, ol ýerde suwda ýüzmek howply bolany üçin şu ady alypdyr) — Arabystan ýarym adasynyň günorta-günbatar çet gyrasy bilen Afrikanyň aralygyndaky bogaz. Ol Gyzyl deňzi Aden aýlagy hem-de Arabystan deňzi bilen birikdirýär. Iň dar ýeriniň giňligi 26,5 km. Farwaterde (gämi ýolunda) iň ýalpak ýerleriniň çuňlugy 182 m. Adalar arkaly aýry-aýry gollara bölünýär.