Baýramaly şypahanasy
Baýramaly şypahanasy - gadymy ýadygärlikleriň jümmişinde, Murgap derýasynyň sag kenarynda ýerleşip, köpden bäri diňe bir Türkmenistanlylaryň arasynda däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän köp sanly daşary ýurtly müşderileriň, jahankeşdeleriň arasynda hem aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar. 1887-nji ýylda demir ýoluň gelmegi bilen Merwiň golaýyndaky oba Baýramaly şäheri diýlip atlandyrylyp başlanýar. Baýramaly şypahanasynyň açylmagyna 1907-nji ýylda Professor Aleksandrowyň Müsüre gitmegi sebäp bolýar. Kairden 23 kilometrlikde, Nil derýasynyň boýundan 3 kilometrlikde, Sahara çöllüginde ýerleşýän «Aşýan» hem «Gelýan» şypahanalarynda professor jöwzaly yssynyň, ýeliň tizliginiň, howanyň çyglylygynyň böwrek kesellerine täsirini öwrenýär. Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça ol 1923-nji we 1932-nji ýyllarda Baýramala gelip, türkmen alymlary bilen birlikde Gün şöhlesiniň we howanyň meteorologiýa barlaglaryny geçirýär. Şonda ol Baýramalynyň böwrek kesellerini bejermek üçin haýran galdyryjy täsinligine göz ýetirýär. Şol döwürlerde işlän lukman N.N.Makşeýew şeýle ýazýar: «Böwrek keselleri üçin Garagum çöli we Baýramaly Kairde Saharanyň ähmiýetliligi ýalydyr». Şeýlelikde, 1929-njy ýylyň 23-nji iýunyndan soň bir wagtky Şa mülki böwrek kesellerini bejerýän sanatoriýa diýlip atlandyrylyp başlanýar. 1964-nji ýyldan başlap bu ýerde noýabr-mart aýlarynda howa aýratynlyklary göz öňüne tutulup, ýürek-damar kesellerini hem bejerip başlaýarlar. Şypahananyň birnäçe tebigy aýratynlyklary bardyr. Täsin şypahananyň deňiz derejesinden 242 metr beýiklikde, Ýer şar gurşagynyň 62 gradus demirgazyk, 37-40 gradus gündogar guşaklykda ýerleşmegi, ultramelewşe Gün şöhlesiniň ekwiwalent effektiniň düşüş aýratynlygy, Gara deňiz kenarýaka şypahanalary bilen deňeşdireniňde çyglylyk täsiriniň 20 esse azlygy böwrek we ýürek-damar kesellerini bejermek üçin örän amatlydyr. Ýer şary Günüň şöhlesiniň ultramelewşe öwüşgüniniň düşmegi boýunça 3 guşaklyga bölünýär. Bu şypahana bolsa şonuň iň merkezinde ýerleşýär. Tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Tutýan meýdany 23 gektara barabardyr. Bu ýerde saglygyny berkidýänler, dynç alýanlar üçin hemme şertler döredilen. Türgenleşik zalynda bedenterbiýe maşklary ýerine ýetirilse, ýörite otaglarda ruhy bejergi, iňňe bejergi, beden owkalaýyş, melhem ýapgylar, şöhle we ýagtylyk bejergileri, berhiz bejergisi, dürli anyklaýyş usullary geçirilýär. Geçirilýän usullara garamazdan, esasy bejergi Gün şöhlesi - geleoterapiýa, howa bilen bejermek - aeroterapiýa bolup galýar. Gün şöhlesi bilen bejergileriň netijesinde böwrek keselleri 90 göterime çenli gowulanyp, adamlaryň ýüzleriniň çişleri, endamlarynyň agyrylary aýrylýar. Gan basyşy beýik derejelerden peselip, kada gelýär. Organizm üçin iň zerur bolan belogyň peşew bilen köp mukdarda çykmasy kesilip, organizm sagalýar. Uzak ýurtlardan ejir çekip gelýän, «emeli böwrek» ulanyp ýaşaýan, agyr kesellileriň saglygy has gowulanyp, ömri uzalýar. Böwrek ýetmezçiligi aýrylyp böwrege, endama duz ýygnanmagy, sowuklamalaryň beterleşmegi aýrylýar. Ýürek-damar we böwrek sowuklama keselleriniň möwsüminiň ikisinde hem aeroterapiýanyň täsiri netijelidir, öýkeniň dem alyş göwrümi giňeýär. Bedeniň öýjükleriniň, esasanam, ýüregiň, böwregiň, öýkeniň öýjükleriniň we beýleki içki agzalarynyň, mäzleriniň kislorody özleşdirmegi artýar. Howanyň beden üçin oňaýly sebiti Mihaýlowyň tablisasy boýunça kesgitlenýär. Şonda ýeliň tizligi, howanyň çyglylygy göz öňüne tutulýar. Günüň şöhlesi bilen bejermek tomus aýlary - maý aýyndan noýabr aýyna çenli geçirilýär. Ol G.Okseniçiň ýöriteleşdirilen güneş tablisasy arkaly ýerine ýetirilýär. Günüň infragyzyl şöhlesiniň täsiri netijesinde ýüregiň, böwregiň, öýkeniň, el-aýagyň, deriniň, içki agzalaryň, mäzleriň gan damarlary giňeýär. Organizm durşuna sazlaşykly işläp, adam sagalýar. Bu bejergide süňkdäki kalsiý, fosfor ýetmezçiligi, ganyň düzümi kadalaşýar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde Baýramaly şypahanasynyň gudratly ýerdigi subut edildi.
Edebiyat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Diyar" žurnaly. Aşgabat 2008. №7. S. 23-25