Mazmuna geçiň

Baýju Noýan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Baýju Noýan (öldi 1260?) Günbatar Mongollar goşunynyň serkerdesi. Mangollaryň Besud/Beşud taýpasyndan bolup Çingiz hanyň serkerdelerinden biri bolan Jebeniň garyndaşy bolupdyr. 1228-nji ýylda Yspyhana tarap edilen ýörüşlere gatnaşdy. Soňra Jormagon Noýanyň kömegi bilen Kawkaziýada harby çaknyşyklarda özüni görkezdi. 1241-nji ýylda syrkawlan Jormagon Noýanyň ýerine Mugandaky Mongol goşunynyň başyna serkerde edilip bellenen Baýju Noýan Babaýi gozgalaňynyň soňunda Anadoly Seljuklylarynyň kyn ýagdaýa düşendigini bilip Ermeni we Gürjilerden düzülen 30.000 adamlyk goşun birlikleri bilen Mugandan herekete geçdi. Serkerdeligindäki mongol goşuny bilen birlikde 1242-nji ýylyň Bahar aýlarynyň soňlarynda Arzyrumyň öňlerine gelip şäheri gabady. Arzyrumy gysga wagtyň içinde boýun egdirdi. Bu ýerde ol ýykan-ýumrançylyk weýrançylyk görkezýär. 1243-nji ýylda Kösedag söweşinde Gyýaseddin Keýhüsrew II serkerdeligindäki Seljukly goşun birliklerini ýeňlişe sezewar etdi. Şol uruşdan soň özüne boýun egen Siwasa girip şähere zabt etdi. Kaýseri we Tokat şäheriniň ilaty oňa garşylyk görkezse-de bu şäheri hem basyp aldy. Azerbeýjana baranynda Erzinjany eýeläp basyp aldy. Bu ýeňişi bilen Anadoly Seljuklylaryny Mongollara garaşly döwlet halyna getirdi[1]. 1245-nji ýylda Ahlat we Diýarbekri ele geçirdi[2]. 1246-njy ýylda täze Mongol hökümdary Güýük han onuň wezipesini elinden aldy we ýerine Eljigideýi belledi. Güýük hanyň ölüminden soňra 1251-nji ýylda täze Mongol hany Möngkeniň hanlygyna garşy gelen Eljigideýi öldürdip Baýju Noýan täzeden Eýran topraklaryndaky Mongol goşunlarynyň serkerdeligine getirildi[3]. Hulagunyň Eýran we günbatar taraplaryny «Ilhan» lakamy bilen esgerlerini alyp Mugandan daşlaşyp ýaýlak we gyşlak üçin täzeden Anadoly topraklaryna girdi. Goşunlary bilen Aksaraýa çenli gelen Baýju öz diýenini gögertmek bilen başlanan söweşde Abadoly Seljukly goşuny ýeňlişe sezewar etdi. 1256-njy ýylda goşuny bilen Konýany gabawa alan wagty Konýa halkynyň toplan altynlaryny özüne almak üçin şäheriň küňrelerini ýykdyryp yza çekildi. 1258-nji ýylda Hulagu hanyň Bagdat ýörüşine goşulmak bilen Elbistany eýeledi. Şol ýyl Düjeýil söweşinde Abbasy goşunlaryny pytratdy. Bagdat gabawyna goşulyp ony birlikde eýelediler. Baýju Noýanyň haçan we nähili ölendigi hakyndaky maglumatlar näbellidir. Käbir çeşmelere görä Bagdat ýörüşine goşulan wagtlary Halyf Mustasim Billäh bilen gizlin hat alyşandygy üçin, Bagdat eýeleneninden soňra Hulagu han tarapyndan öldürlipdir[4]. Baýju Noýandan soň Hulagu hanyň Siriýany basyp almak üçin 1259-njy ýylyň Sentýabrynda gören taýýarlyklarynyň dowamynda hem agzalyp geçipdir[3]. Käbirleriniň aýtmaklaryna görä Baýju Noýan, Ärtogrul türkmen tarapyndan öldürlipdir TRT 1 türk telekanalynda Janlanyş Ärtogrul (Diriliş "Ertuğrul") köpbölümli türk filminde Baýju Noýanyň roluny Baryş Bagçy janlandyrdy.

[1]"Erzurum Sonbaharı", Erkan GÖKSU

[2]"ÇİNGİZ HAN’IN KOMUTANLARININ KARS ŞÜREGEL’DEKİ EGEMENLİĞİ", Sosyal Bilimler Enstitüsü Dergisi, Sayı:6, Sf:89-99, 2010, Giresun, Mehmet ÖZMENLİ

[3]a b "BĀYJŪ",Encyclopædia Iranica

[4]"Erken Dönem Memlük Tarihçilerinin Bağdat'ın Moğollar Tarafından İstilasıyla Alakalı Rivayet ve Yorumları", İslam Medeniyetinde Bağdat Uluslararası Sempozyumu, 7/9 Kasım 2008, İstanbul, Fatih Yahya AYAZ