Mazmuna geçiň

BISIANYŇ FISSIÝASY

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Fissiýalar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Ortaýerdeňiz görnüşi. Ylmy ähmiýeti bar. Gysgaça beýany. Bedeni topbak görnüşde, kä ýerleri gasynjymak, agymtyl-çalymtyl reňkli (iýiji kaliý täsir edende gabyk gatlagy saralýar), diametri 6–10 sm. Bedeni çykýan agajyna berk gysylan, ýasy ýa-da az-kem güberçek, ak örtükli. Apotesiýleri köp duş gelýärler, esasan, bedeniniň merkezi böleginde ýerleşýärler, köpsanly. Sporalary göni, seýrek halatlarda kösük şekilli egrelen, küljümek-goňur, her torbajykda 8 sany. Ýaýraýşy. Merkezi Köpetdag (Duşak dagy, Germap, Müsünew). Türkmenistandan daşarda — Alynky Aziýa, Ýewropa, Kawkaz, Demirgazyk Amerika. Bitýän ýerleri. Arçalaryň sütüniniň gabygy we ortaky bölegi. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Ownuk toparlaýyn, seýrek duş gelýär. Esasy çäklendiriji sebäpler. Bitýän ýerleriniň şertiniň bozulmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Jynsly ýol (askosporalar) arkaly köpelýär. Anaptychia, Lecanora, Lecidea, Physcia uruglarynyň beýleki görnüşleri bilen bilelikde ýaşaýar. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Ýaýrawynyň bir bölegi Köpetdag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Bitýän ýerlerini gözegçilikde saklamaly. Goramak boýunça düşündiriş işlerini geçirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Täze bitýän ýerlerini ýüze çykarmaly. Düzüji Z. Joraýewa