Mazmuna geçiň

Aziýa we Afrika ýurtlary XX asyryň başlarynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzugy: Aziýa we Afrika ýurtlary XX asyryň başlarynda

Meýilnamasy:

1. Aziýada ösüş merkezleri.

2. Aziýada we Afrikada esasy dinler.

3. Bakna, ýarym bakna we baknadar ýurtlar.

4. Paýlaşylan dünýäni täzeden paýlaşmak ugrundaky halkara dawalary.

Aziýada ösüşiň dini ugurlar bilen şertlendirilen üç sany ösüş merkezini tapawutlandyrmak bolar. Hytaý medeni merkezi şahsyýetiň jemgyýete tabyn bolmalydygy (kiçi ula, çaga ene-atasyna, ähli hytaýlylar öz imperatoryna) hakyndaky pikire ýugrulandy. Emma XX asyryň başynda imperator Hytaýda öňki hökmürowanlygyny ýitiripdi. XIX asyryň 40-njy ýyllaryndan başlap Hytaý ýewropalylaryň ýarym baknasyna öwrülipdi. Hytaý täsir zolaklaryna paýlaşylypdy. Daşary ýurt sütemine garşy ihetuanlaryň gozgalaňy başlandy. 1899-1901-nji ýyllardaky bu gozgalaň ýewropalylary gorkuzdy. Dünýäniň 8 döwletiniň gatnaşmagynda boksçylaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmaklyk üçin Hytaýa garşy ýöriş guraldy. Gozgalaňçylar Hytaýyň özüniň hökümet goşuny bilen gelmişekleriň birleşen güýjüniň öňünde durup bilmediler. 1901-nji ýylda Hytaý bilen 8 döwletiň arasynda şertnama baglaşylyp, olar ägirt köp möçberde öweztölegini onuň boýnuna dakdylar. Bu ýagdaýlar Hytaýyň ösüşini bökdeýärdi.

Hindistan adamzat medeniýetiniň iň gadymy we özboluşly ojaklarynyň biridir. Özüni ykbalyň öňünde güýçsüz hasaplaýan hindiniň bütin durmuşyny kasta düzgüni kesgitleýärdi. Emläk ýagdaýyna we gelip çykyşyna görä adamyň haýsy kasta degişlidigi eýýäm onuň doglan gününden belli bolýardy. Hindiler kasta adatlaryny we dini däp-dessurlaryny berjaý edip, hudaýyň merhemetine bil baglaýardylar. 1849-njy ýylda Hindistan gutarnykly Beýik Britaniýanyň baknasyna öwrülip, onuň tebigy ösüşi bökdelipdi. XX asyryň başynda Hindistan Beýik Britaniýanyň baknasy bolmagynda galýardy.

Yslam dünýäsi hem dünýäniň ösüş merkezleriniň biridi. Musulmanlar arap halypalygyndan başlap ençeme kuwwatly döwletleri döretdiler. Yslam dünýäsinde tutýan meýdany boýunça iň iri döwlet Osman türkmenleriniň imperiýasydy. Ýene bir iri döwlet Gajarlar şanesliniň dolandyrýan Eýran döwletidi. Emma bu döwletleriň ikisi-de ýewropalylaryň ýarym baknasyna öwrülipdi. Orta asyrlarda dünýä ösüşine ägirt uly täsir eden yslam medeni ösüş merkezi XX asyryň başynda özüniň öňki täsirini ýitiripdi.

XX asyryň başynda Ýewropa ykdysady ösüşi we harby taýdan dünýäniň beýleki ösüş merkezlerinden rüstemdi. Indi hytaý, hindi we yslam medeni merkezleriniň ýewropa medeniýetinden üzňe bolmagy mümkin däldi. Baýlaşmagyň hatyrasyna Ýewropa olary zor bilen özüne tabyn etdi. Ýewropalylar ähli dünýäniň boýnuna öz gymmatlyklaryny dakmak islediler.

Aziýada we Afrikada iň köp ýaýran dinler. Isaýylyk, yslam, buddaçylyk dünýä dinleri hasaplanýar. Aziýada iň köp ýaýran din yslam dinidir. Yslam dünýä dinleriniň içinde iň ýaşydyr. Muňa garamazdan ol gaty giň gerim bilen dünýä ýaýran dindir. Yslam uýýan adamlaryň sany boýunça dünýäde ikinji ýerde durýan dindir. Sünnüler we şaýylar yslam dininde tapawutlanýan esasy iki ugurdyr. Olar hem öz gezeginde birnäçe mezheplere bölünýär. Yslam dini Aziýada we Afrikada giň ýaýrandyr. Saud Arabystanyndaky Mekge we Medine musulmanlaryň mukaddes şäherleridir. Yslam dini Aziýada, Afrikanyň Merkezi we Demirgazyk sebitlerinde, Günorta-Gündogar Ýewropada giň ýaýrandyr. (Geçen asyryň ahyrynda dünýäde oňa uýýan adamlaryň sany 1 mlrd. 200 mln. çemesidi.) Türkmen halky hem yslam dinine uýýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallasy bilen XX asyryň ahyrynda yslama uýýan türkmen halky hem öz dini ynançlaryny erkin ýüze çykarmaga mümkinçilik aldy.

  Aziýa we Afrikada Ikinji köp ýaýran din Buddaçylyk dinidir.

Buddaçylyk. Buddaçylyk iň gadymy dünýä dini hasaplanýar. Ol hinaýana we mahaýana atly iki ugra bölünýär. Bulardan başga-da lamaçylyk hem buddaçylygyň bir ugrudyr. Buddaçylygyň esasy düzgüni şulardyr: bu dünýä ejir çekmekdir; adamyň islegleri we hyjuwlary ony ejir çekmäge mejbur edýär; hyjuwlaryndan halas bolan adam aýratyn bir hala (nirwana) düşüp, Hudaý bilen birleşýär, halas bolýar.

Buddaçylyk adamy öz şahsyýetini kämilleşdirmek ugrundaky göreşe çagyrýar. Onuň taglymatynyň merkezinde şahsyýetiň ruhy haly durýar. Buddaçylyk adamlary kastalara bölmeýär, ol dünýäni özgertmäge, kämilleşdirmäge çagyrmaýar.

Buddaçylyk Hindistanyň üsti bilen Seýlona, Birma, Siama, Indoneziýadaky adalara, Hytaýa we Ýaponiýa ýaýrapdyr. Afrikada ýerli dinler hem köp ýaýrandyr.

Aziýa we Afrikada ýene bir köp ýaýran din Isaýylyk dinidir. Oňa ýýan adamlaryň sany boýunça bu din dünýäde iň uly din bolup, Aziýanyň, Afrikanyň käbir ýurtlarynda hem bu dine ynanýanlar bar. Rim papasy katolikleriň ýolbaşçysy hasaplanýar. Isaýylyk dini üç sany esasy ugra bölünýär: prawoslawçylyk, katolikçilik we protestantçylyk. Isaýylyk dini Ýewropada, Amerikada, Awstraliýada agalyk ediji dindir. (XX asyryň ahyrynda bu dine uýýan adamlaryň sany dünýäde 2 milliarda ýakynlaşdy).

Bakna, ýarym bakna we baknadar ýurtlar. Bakna ýurtlary edinmekde Beýik Britaniýa dünýäde birinjidi. Onuň iň uly bakna mülki Hindistandy. Baknalyk syýasatyna has ir başlan Ispaniýa we Portugaliýa bolsa onuň bilen bäsleşmekden has öňräk ejizläpdiler.

Russiýa, Awstro-Wengriýa ýaly döwletler öz goňşularynyň hasabyna bakna eýeçiliklerini giňelden bolsa, beýleki döwletler okeanyň aňyrsyndaky ýerlerden öz paýlaryny almaga howlukdylar.

1900-nji ýyla çenli bütin Afrika Ýewropa döwletleri tarapyndan paýlaşylyp gutarylypdy. Afrika Ýewropanyň 7 sany baknadar döwleti tarapyndan eýelenildi. Eger Angliýa Afrikada iň baý, üstesine-de iň köp ilatly sebitleri eýelän bolsa, territoriýa babatda iň köp ýeri alan Fransiýady. Ol Afrikanyň Merkezi we Demirgazyk-Günbatar bölegini, Madagaskar adasyny eýeläpdi. Beýik Britaniýanyň eýeçilikleri Afrikanyň ähli sebtinde bardy. Häzirki Zairi (öňki Kongo) Belgiýa eýeläpdi. Liwiýa we Somali Italiýanyňky, Togo, Kamerun Germaniýanyňkydy. Angola we Mozambige portugal baknadarlary hojaýynçylyk edýärdi. ABŞ welin ýewropalylaryň Afrikany öz aralarynda üleşdirmegine goşulmady. Çünki ABŞ gulçulygy öz ýurdunda gadagan edenden soňra öň Afrikadan getirilen gullaryny azat edipdi. Olara ata watanlaryndan - Afrikadan ýer satyn alyp berip, isleseler dogduk mekanlaryna gitmäge rugsat beripdi. Azat edilen gullar bolsa ol ýerde häzirki Liberiýa döwletini döretdiler. Geň ýeri, Liberiýany basyp almaga ýewropa döwletleriniň hiç biri hem milt edip bilmedi.

Basylyp alnan ýerler ol döwletleriň öz meýdanyndan birnäçe esse ulydy. Meselem, Belgiýanyň Kongodaky bakna mülki özünden 80 esse uludy. Bakna mülklerini bölüşmäge gijräk başlan ABŞ we Germaniýa bu işe has işdämenlik bilen topuldylar. Emma Şwesiýa, Şweýsariýa ýaly bakna mülklerini edinmedik döwletlerem bardy.

Baknalyk boýunturygy ildirilen halklar we ýurtlar özleriniň garaşsyzlygyny doly ýitiripdiler. Olar baknadar döwlet-metropoliýa tarapyndan edara edilýärdi. Hytaý, Siam, Owganystan, Eýran, Osman türkmenleriniň imperiýasy, Merkezi we Günorta Amerika ýurtlary garaşsyzlygyny ýarymçak saklandygyna garamazdan, barybir baknadar döwletleriň syýasatynyň täsirindedi. Olaryň käbiriniň (Owganystan) üstünden protektorat düzgüni girizilipdi. Käbirleri bolsa erkin söwda etmek bahanasy bilen özara täsir zolaklaryna bölünipdi (Siam, Hytaý, Eýran).

Bakna edilen ýurtlaryň hojalygy olaryň hojaýynlarynyň erk-ygtyýaryndady. Olar özlerine gerek çig maly isledigiçe ulanýardy, ol ýurtlary satuw bazarlary hökmünde ulanýardy. XX asyryň başynda dünýä döwletleriniň özara gatnaşyklary hasam ýygjamlaşdy. Indi bu döwletleriň birek-birek bilen gatnaşyk etmezden ýaşamagy mümkin däldi. Ykdysady kanunlar we dünýä söwdasy hiç hili serhetleri bilmeýärdi. Olar, möýüň kerebiniň müňlerçe sapajyklary mysaly, dünýä döwletlerini biri-birine berk çatypdy.

Dünýäniň baknadarlar tarapyndan paýlaşylyp gutarylmagy. Birinji jahan urşy başlanýança dünýäniň iri döwletleri tarapyndan yzagalak ýurtlar paýlaşylyp gutarylypdy. Siz Afrikanyň, Aziýanyň, Latyn Amerikasynyň halklarynyň aglabasynyň baknalyga öwrülendigini öň öwrenipdiňiz. 1900-nji ýylda baknadar döwletleriň ählisiniň bakna mülkleri 520 mln.adam ilatly (dünýäniň ilatynyň 35%-i) 73 mln.inedördül kilometr meýdany (Ýer togalagynyň gury ýer böleginiň 55% -i) tutýardy. 1914-nji ýylda bolsa eýýäm Ýer togalagynyň 66,9% territoriýasy we 60% ilaty bakna we ýarym bakna ýagdaýyndady. XIX asyryň ahyryndan başlap çalt depginlerde ösüp başlan Germaniýa, Italiýa, ABŞ, Ýaponiýa ýaly döwletler paýlaşylan dünýäni täzeden paýlaşmak ugrunda göreşe başladylar. Bu göreş bir tarapdan täze ösüp barýan agzalan döwletler bilen, beýleki tarapdan Beýik Britaniýa, Fransiýa, Russiýa ýaly döwletleriň arasynda garşylyklary ýitileşdirdi.

Germaniýanyň we Italiýanyň güýçlenmegi Ýewropadaky deňagramlylygy bozdy. 1894-1895-nji ýyllardaky hytaý-ýapon urşunda ýeňen Ýaponiýa Koreýany eýeläp, Uzak Gündogardan Russiýany gysyp çykarmak ugrunda herekete başlady. Rus-ýapon garşylyklary ýitileşdi. Ýaponiýa Ýewropanyň Aziýadaky bakna eýeçiliklerine wehim salýan esasy güýje öwrüldi.

Osman türkmenleriniň imperiýasy hem halkara dawalarynyň merkezine öwrülipdi. Onuň Afrikada, Ýakyn Gündogarda, Balkanlarda uly mülkleri ýeke özüniň eýeläp oturmagyna uly döwletler razy däldi. Görşümiz ýaly, XX asyra çenli dünýä, esasan paýlaşylyp gutarylypdy.

Bakna ýurtlaryň dolandyrylyşy. Bakna ýurtlar baknadar döwletler tarapyndan dolandyrylýardy. Ýerli halkyň wekilleri, döwlet dolandyryşynyň kiçi ähmiýetli wezipeleri bolaýmasa, häkimiýete gatnaşmakdan çetleşdirilipdi. Baknadarlar, olaryň erk-islegine garamazdan, bu ýere ýewropa däplerini getiripdi. Russiýa imperiýasyna bakna bolan Türkmenistanda-da ýagdaý şeýledi (bu barada Türkmenistanyň taryhynyň degişli döwrüne seret!).

Bakna halklar özleriniň syýasy partiýalaryny döredip başladylar. Bu partiýalaryň baş maksady ýurt özbaşdaklygyny gazanmakdy. Mysal üçin, 1885-nji ýylda dörän Hindi Milli kongresi, 1906-njy ýylda dörän Musulman Ligasy ýaly partiýalar özara oňşuksyzlyklaryna garamazdan, Hindistanyň özbaşdaklygy ugrunda göreşýärdiler.

Garaşsyzlygyny kem-käsleýin ýitiren ýurtlaryň (Osman türkmenleriniň imperiýasy, Owganystan, Eýran, Hytaý) döwlet gurluşynda özgerişler boldy.

Paýlaşylan dünýäni gaýtadan paýlaşmak ugrundaky ilkinji ädimler. Jahan urşy öz özünden başlanmady. Kiçi uruşlarda ýitileşen garşylyklar dünýä urşuna ýazdy. Dünýäniň öňki paýlanyşy indi köp döwletleri kanagatlandyrmaýardy.

ABŞ Ispaniýadan Kubany 100 mln. dollara özlerine satmagy talap etdi. Emma hiç bir döwletiň öz bakna mülkini satasy gelenokdy. 1895-nji ýylda Kubada ispan agalygyna garşy halk gozgalaňy başlandy. Kuba dawalary ispan-amerikan urşuna getirdi. Uruşda Ispaniýa ýeňildi. Kuba Ispaniýanyň baknalygyndan çyksa-da, ol ABŞ ýaly güýçli täze hojaýynyň holtumyna düşdi. Filippinler, Puerto-Riko, Guam adalary ABŞ-yň ygtyýaryna geçdi. 1898-nji ýyldaky ispan-amerikan urşy dünýäni täzeden paýlaşmak ugrundaky ilkinji uruşdy.

Iňlis-bur urşy (1899-1902) Afrikadaky uly uruşlaryň biridir. Iňlisler söweş tärleriniň täze nusgalaryny dünýä görkezdiler. Bu uruşda taryhda ilkinji gezek pulemýotlar we uzak goranmak üçin niýetlenen garymlar ulanyldy.

Uzak Gündogarda täsir zolaklaryny we ýurtlary gaýtadan paýlaşmak ugrundaky dawalar rus-ýapon urşunyň (1904-1905) tutaşmagyna getirdi. Uruşda Beýik Britaniýa we ABŞ Ýaponiýany goldady. Ýaponiýa Russiýany ýeňmegi başardy. Portsmut (ABŞ) ýaraşygyna görä, Ýaponiýa ondan Günorta Sahalini aldy. Port Artur bilen bilelikde Lýaodun ýarymadasy Ýaponiýa kärendesine berildi. Ýaponiýanyň Günorta Mançžuriýada täsiri güýçlendi. Uruş netijesinde Russiýa Koreýa dawasyndan gyrakladyldy. Koreýa bolsa 1910-njy ýylda Ýaponiýanyň baknasyna öwrüldi.

Üçler bileleşigi. Fransiýa garşy urşa taýýarlanýan Germaniýa özüne ýaranlary gözleýärdi. Şeýle ýaran ozaly bilen Awstro-Wengriýa bolup biljekdi. Ol Russiýanyň elini baglap, Fransiýa bilen bileleşmekden saklap biljekdi. Awstro-Wengriýa we Russiýa Balkanlarda esasy bäsdeşlerdi.

1879-njy ýylda Germaniýa bilen Awstro-Wengriýanyň arasynda şertnama baglaşyldy. Olar Russiýa çozan mahalynda birek-biregi goldamagy ylalaşdylar. 1882-nji ýylda bu şertnama Italiýa hem goşuldy. 1881-nji ýylda Fransiýanyň Tunisi basyp almagy onuň Italiýa bilen gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrdy.

1882-nji ýylda Germaniýanyň, Awstro-Wengriýanyň we Italiýanyň arasynda baglaşylan harby şertnama Üçler bileleşigi adyny aldy. Germaniýa we Italiýa Fransiýa öz üstlerine çozan halatynda birek-birege kömek bermäge söz berdiler. Awstro-Wengriýa bilen Russiýanyň arasynda dawa tutaşaýsa, Italiýa bitaraplygyny saklamalydy. Bismark Russiýany Germaniýa bilen urşa girmez diýip hasaplaýardy.

Wilgelm II-niň täze imperator bolmagy we Bismarkyň iş başindan aýrylmagy bilen Germaniýanyň syýasatynda üýtgeşmeler boldy. Nemes generallary iki ugurda uruş alyp barmakdan çekinmeli daldigini öňe sürdüler. Olar ruslaryň çalt goşun düzjekdigine kembaha garadylar. Nemesler ilki Fransiýany dyza çökerip, soňra ruslaryň üstüne çozmakçydy.

Germaniýanyň täze kansleri Býulow işjeň daşary syýasat alyp bardy. Ol reýhstagda eden çykyşynda : “Beýleki halklar öz aralarynda ýeri we suwy paýlaşanlarynda, biz nemeslere gök asmandan başga hiç zat ýetmändir. Biz özümize Günüň aşagyndan mynasyp ýer berilmegini talap edýäris” diýen şygary öňe sürüpdir. XIX asyryň 90-njy ýyllarynda Germaniýa Hytaýa kürsäp girdi. Şandun ýarymadasynda harby bazasyny gurdy. Ýuwaş okeanda Karolin we Marian adalaryny eýeledi. Täze bakna mülkleriniň eýelenmegi, daşary söwdanyň artmagy Germaniýadan kuwwatly deňiz flotyny döretmegi talap edýärdi. Wilgelm II “Biziň geljegimiz deňizdedir” diýip öwünýärdi.

1895-nji ýylda Demirgazyk we Baltika deňizlerini birleşdirýän Kil kanaly açyldy. 1898-nji ýylda reýhstag harby gämileriň gurluşygy hakynda uly maksatnamany tassyklady. Bu gönüden-göni Beýik Britaniýanyň deňiz agalygyna uly howp salýardy. Beýik Britaniýa deňiz döwletleri bolan Fransiýanyň we Germaniýanyň bilelikdäki flotundan hem güýçli floty saklamaga çalyşýardy. Iňlis hökümeti her bir gurlan täze german linkoryna garşy täze iki iňlis gämisini gurmagy karar etdi. Özüniň güýçlenýän deňiz garşydaşyna garşy Beýik Britaniýa köne duşmany Fransiýadan haraý isläp, onuň bilen ýakynlaşyp başlady.

Aziýa we Afrika ýerleriniň üstünde rus-german gatnaşyklarynyň ýitileşmegi. Rus-german gatnaşyklaryny ýitileşdiren zat Balkanlar meselesidi. Has takygy gowşap, dargap barýan Osman türkmenleriniň imperiýasynyň mülklerini paýlaşmak Germaniýanyň we Russiýanyň dawalarynyň baş sebäbidi. 1914-nji ýyla çenli Osman türkmenleriniň imperiýasy Afrikadaky mülklerinden mahrum bolupdy. Onuň elinde Ýewropadaky öňki bakna ýerlerinden Ystambyl bilen bilelikde Bosfor we Dardanell bogazlarynyň töweregi galypdy. Gara deňziniň oňa degişli bolan demirgazyk kenaryny, Kawkazy Russiýa alypdy.

German imperatory Wilgelm II Bosfor bogazyndan Pars aýlagyna çenli uzaýan demir ýoly gurmak üçin iri nemes bankyna türk soltanynyň ygtyýarnama bermegini gazandy. Bagdat demir ýoly adyny alan bu ýol geljekde Germaniýanyň Gündogardaky basyp alyşlary üçin badalga bolmalydy.

Aziýa we Afrika ýerleriniň üstünde Rus-fransuz bileleşigi. Fransiýa üçler bileleşigine garşy göreşde özüne Russiýanyň hemaýatçy boljakdygyna bil baglaýardy. Munuň üçin ol ozaly bilen Ýakyn we Uzak Gündogardaky rus-fransuz gatnaşyklaryny düzgünleşdirdi. 1891-1893-nji ýyllarda iki döwletiň arasynda ylalaşyklaryň tapgyry baglaşyldy. Harby ylalaşyga görä, Italiýanyň we Germaniýanyň çozan ýagdaýynda taraplar biri-birini goldamalydy.

Iňlis-fransuz şertnamasy (1904). 1904-nji ýylyň aprelinde Beýik Britaniýa we Fransiýa Antanta (“ýürekdeşleriň ylalaşygy”) şertnamasyna gol çekdi. Olar täze bakna ýerlerini paýlaşmak hakynda gizlin şertnama-da gol çekdiler. Mysal üçin, Fransiýa Beýik Britaniýanyň Müsüri eýelemegine razylyk berdi. Munuň öwezine Fransiýa Marokkoda erkin ornaşmaga hukuk aldy. Marokkanyň Gibraltar bogazyna golaý bölegi Ispaniýa berildi. Marokkanyň paýlaşygyna Germaniýanyň hem goşulmak islemegi 1905-1906-njy ýyllaryň Marokko dartgynlylygyna getirdi. Wilgelm II-niň Tanžer güzerine gelip, Marokkanyň soltanynyň garaşsyzlygyny gutlamagy Beýik Britaniýany we Fransiýany Tanžeri bitarap zolak diýip yglan etmäge mejbur etdi.

Germaniýanyň Ýewropada täsiriniň artmagy Beýik Britaniýanyň “ajaýyp üzňelik” syýasatynyň soňuna çykdy. Fransiýa bilen ylalaşan Beýik Britaniýa Russiýany hem öz tarapdaryna öwürmäge howlukdy. Munuň üçin merkezi Aziýadaky we Ýakyn Gündogardaky rus-iňlis gapma-garşylyklarynyň düzgünleşdirilmegi zerurdy. Eger Russiýa Merkezi Aziýanyň esasy bölegini basyp alyp, iňlisleriň esasy bakna mülki Hindistanyň alkymyna barypdy. Eýranyň Demirgazygynda ornaşan Russiýa Beýik Britaniýanyň bu ýerdäki nebit agalygyna howp salýardy. Demirgazyk-Gündogar Hytaýda demir ýol, Port-Arturda berkitme guran ruslaryň entegem Uzak Gündogardaky täsiri ýeterlikdi. Onuň Gara deňizdäki bogazlary eýelemek howpy iňlisleri has-da gorkuzýardy : olar Sues kanaly arkaly Hindistana gelip biljekdi.

Emma Russiýanyň rus-ýapon urşunda ýeňilmegi, 1905-1907-nji ýyllaryň rewolýusiýasy iňlislere Russiýanyň özi üçin öňküsi ýaly howply däldigini görkezdi. Bagdat demir ýolunuň gurulmagy, german maýasynyň Pars aýlagyna tarap ýol salmagy taraplary ýakynlaşdyrdy. Londonda “German harby gorhanasyny Pars aýlagynda göreniňden, Russiýany Konstantinopolda göreniň gowudyr” diýip netijä çykarýardylar.

1907-nji ýylyň 31-nji awgustynda Russiýa bilen Beýik Britaniýanyň arasynda Eýranda, Owganistanda we Tibetde täsir ediş zolaklaryny paýlaşmak hakynda ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyk Antanta bileleşiginiň doly resmileşdirilendigini aňladýardy.