Mazmuna geçiň

Aziýa “gaplaňlary” ýa-da “täze senagatlaşan döwletler”

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Günorta- Gündogar Aziýa ýurtlary XX asyryň ahyrlarynda we XXI asyryň başlarynda

Meýilnamasy:

1. Aziýa “gaplaňlary” ýa-da “täze senagatlaşan döwletler”.

2. Günorta Koreýa.

3. Tailand.

4. Singapur.

5. Malaýziýa.

6. Sebitiň döwletleri bilen Caraşsyz Türkmenistanyň gatnaşyklary.

Aziýa “gaplaňlary” ýa-da “täze senagatlaşan döwletler”. Ikinji jahan urşundan soň Günorta-Gündogar Aziýa sebitinde täsirini artdyrmak barada iki ulgamyň arasynda göreş güýçlendi. Olaryň käbirinde (Wýetnam, Kamboja, Demirgazyk Koreýa, Laos) SSSR-iň hem-de Hytaýyň täsiri bilen sosializm gurmaga synanyşyldy. Günorta Koreýada, Tailandda, Singapurda, Malaýziýada ABŞ-nyň we Ýaponiýanyň goldawy bilen bazar gatnaşyklaryna geçildi. Bazar gatnaşyklary ösüş ýolunyň artykmaçlygyny sosialistik ulgama göz etmek üçin ABŞ Günorta Koreýanyň ykdysadyýetini görnetin çalt ösdürmäge goltgy berdi. XX asyryň soňky çärýeginde Günorta Koreýa, Tailand, Singapur, Malaýziýa özüniň ösüş depgini boýunça has öňe saýlandylar. Şonuň üçin olara “täze senagatlaşan döwletler” ýa-da Aziýa “gaplaňlary” hem diýilýär. Agzalan döwletler öz ösüşinde Ýaponiýanyň tejribesini özüne nusga edinýärler. Syýasy babatda bu döwletlerde köp partiýaly ulgam dowam edýär.

Geliň, indi bu döwletleriň hersine gysgajyk häsiýetnama bereliň!

Günorta Koreýa.

Döwletiň resmi ady “Koreýa respublikasy” bolup, ol 1948-nji ýylyň 15-nji awgustynda döredilipdi. Ýadyňyzda bolsa ikinji jahan urşundan soň Koreýa 38-nji parallel boýunça ikd bölünipdi (seret §35-36!). Günorta Koreýada 40 ýyllap diýdimzor düzgün saklanyp galdy. 1960-njy ýylyň apreline çenli ýurdy Li Syn Man, 1960-1979-njy ýyllarda Pak Çžon, ondan soň Çon Duh Wan (1980-1987 ýý.) prezident kürsüsini eýelediler.

1988-nji ýylda geçirilen ählumumy halk sala salyşlygynyň netijesinde täze konstitusiýa kabul edildi. Oňa laýyklykda öňki basgançakly saýlawlar ýatyrylyp, göni prezident saýlawlary girizildi. Parlamentiň hukuklary giňeldildi, metbugat azatlygy berkidildi.

Diýdimzor düzgün synandan soňky döwürde ýurtda aram demokratik özgerdişleriň tapgyry geçirildi. 1992-nji ýylyň saýlawlarynda Demokratik liberal partiýadan Kim Ýen Sam ýeňiş gazanyp häkimiýete geldi. “Durnuklylyk şetlerinde özgerdişler” onuň hökümetiniň esasy şygaryna öwrülipdi. Koreýa Respublikasy çalt ösýän senagatly-oba hojalykly döwlet hasaplanýar. Ol täze senagatlaşan döwletleriň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. 70-80-nji ýyllarda onuň ýyllyk ykdysady ösüş depgini 8% töweregi boldy. 1986-1988-nji ýyllar aralygynda bu görkeziji 12%-te çenli ýokarlandy. 90-njy ýyllarda ykdysady ösüş depgininiň haýallamak meýli duýuldy. 1995-nji ýylda ilatyň jan başyna düşýän milli girdeji 10 müň amerikan dollaryna ýetdi.

Günorta Koreýada daşkömrüň, galaýynyň baý gorlary bar. Ýurt wolfram öndürmekde dünýäde esasy orny eýeleýär. Ykdysadyýetinde gaýtadan işleýän senagata möhüm orun degişlidir. Gämileri, ýeňil maşynlary, elektronika we elektrotehnika önümlerini, polat öndürmekde dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Samsung, Goldstar ýaly iri kompaniýalary dünýäniň iri transmilli korporasiýalarynyň 100-lügine girýär.

Ýurduň halk hojalygyny ösdürmekde bäşýyllyk meýilnamalara üns berilýär. Ykdysady kynçylyklar bu meýilnamalara täzeden garamagy talap edýär. Ýurt ylma daýanýan önümçilige, ýokary tehnologiýalara geçilmegi arkaly halk hojalygyny üýtgedip gurmak meselesiniň öňünde dur. Koreýada ylma uly üns berilýär. Bu ýerde 500-den gowrak ýokary okuw jaýy bolup, şonuň 400-si hususydyr.

Tailand.

Günorta-Gündogar Aziýada, Malakka we Hindi-Hytaý ýarymadasynda ýerleşen döwlet. Tutýan meýdany 513115 müň inedördül km. Ilaty 60 mln. (1960 ý.). Ýurt 1939-njy ýyla çenli hem-de 1945-1949-njy ýyllarda Siam diýlip atlandyryldy.

Tailand konstitusion monarhiýadyr. Döwletiň baştutany korol hasaplanýar. 1954-nji ýylda Tailand SEATO harby bileleşiginiň agzalygyna girdi. Bu bileleşigiň merkezi jaýy td 1977-nji ýylda ýatyrylýança onuň paýtagty Bangkokda ýerleşdi. Tailandyň harby güýçleri Hindihytaýdaky amerikan basyp almalaryna gatnaşdy. 1957-1973-nji ýyllarda häkimiýetde harby düzgün boldy.

Tailand ykdysadyýeti eksporta niýetlenen, çalt depgin bilen ösýän ýurtdur. Azyk, dokma, elektrotehnika we himiýa senagatlary ösendir. Tailand ykdysady taýdan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde ykdysady utgaşygy işjeňleşdirmek ugrunda hereket edýär. 1993-nji ýyldan bäri Goşulmazlyk hereketiniň agzasydyr.

Singapur.


Malakka ýarymadasynyň günorta böleginde ýerleşen adalar döwleti hasaplanýar. Sanskrit dilinden terjime edilende ýurduň ady “ýolbarsyň şäheri” diýen manyny berýär. Umumy meýdany 639,1 inedördül km. bolup, 50-den gowrak kiçi adalary birleşdirýär. Ilaty 3 mln. adam (1995 ý.). Singapur parlament respublikasydyr. Beýik Britaniýa tarapyndan baştutanlyk edilýän Bileleşige girýär. Ýurt 1965-nji ýylyň 9-njy awgustynda Malaýziýa federasiýasynyň düzüminden çykyp, özbaşdaklygyny jar etdi.

Singapur ykdysady babatda Günorta-Gündogar Aziýada has ösen ýurt hasaplanýar. Kompýuterleşdirmegiň we robotlary önümçilige ornaşdyrmagyň derejesi boýunça Ýaponiýadan soňra ikinji ýerde durýar. Nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşen döwletdir. Ol bu babatda dünýäde üçünji ýerde durýar. Deňiz ýalpaklygynda nebit agtarmakda baý tejribesi bar. Ýolagçy we ýük dolanyşygy boýunça Singapuryň deňiz porty we aýeroporty dünýäde iň öňdäki ýerleriň birini eýeleýär.

Singapur iri maliýe merkezidir. 1995-nji ýylda onuň walýuta biržasynyň bir günki dolanyşygy 117 mlrd. dollara barabar boldy. Bu görkeziji boýunça ol diňe Londondan, Nýu-Ýorkdan we Tokiodan yza galýardy. Daşary döwletleriň köpüsi Singapuryň ykdysadyýetine maýa goýumyny goýmaga gyzyklanýarlar. Jan başyna 18 müň dollar girdejisi bolan Singapuryň daşary ýurtlara bergisi ýokdur.

Malaýziýa.

Malaýziýa Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylygyndaky Bileleşige girýär. Ýurtda konstitusion monarhiýa düzgüni dowam edýär. 1957-nji ýylyň 31-nji awgustynda Malaýziýanyň garaşsyzlygy jar edilipdi.

Malaýziýa çalt ösýän senagatly-oba hojalykly ýurt hasaplanýar. Nebiti gaýtadan işleýän, elektronika senagatlary ösendir. “Petronas” nebiti gaýtadan işlemekde dünýä belli kompaniýa hasaplanýar. Malaýziýa dünýäde galaýyny we tebigy kauçugy köp öndürýän ýurtdur. Dünýäde öndürilýän kauçugyň 20%-te golaýy bu ýerde öndürilýär. Ýaponiýa, Singapur, Beýik Britaniýa, Taýwan,Günorta Koreýa Malaýziýanyň ykdysadyýetine esasy maýa goýumyny goýujy döwletler hasaplanýar.

Indoneziýa.

Indoneziýa “täze senagatlaşan döwletleriň” hataryna girmeýär. 1945-nji ýylyň 17-nji awgustynda garaşsyzlygyny aldy. Ýurt prezident dolandyryşly unitar respublikadyr. 1968-1993-nji ýyllar aralygynda Suharto bu wezipd 6 gezek saýlanyldy. 1999-njy ýylyň saýlawlarynda Suhartonyň ornuna Abdyrahman Wahyd geldi. Asly Ýawa adasynyň gündogaryndan bolan Abdyrahman Bawyd Indoneziýada demokratik ýol bilen saýlanylan ilkinji prezidentdir. Ol ýurtda demokratik özgerdişleri geçirmäge synanyşýar. Bu batyrgaý hereketleri üçin garşydaşlary tarapyndan öz işini başarmazlykda we pula satylmakda aýyplanýandygyna garamazdan, ol ýurdy demokratik ýol bilen ösdürmäge synanyşýar.

Indoneziýa tebigy kauçugy we palma ýagyny öndürmekde dünýäde ikinji ýerde durýar. Indoneziýanyň ykdysadyýeti 90-njy ýyllardan başlap pese gaçyşlygy başdan geçirýär. Kynçylyklara garamazdan Indoneziýa 1995-nji ýylda milli ösüşiň täze 25 ýyllyk meýilnamasyny amala aşyrmaga girişdi. Oňa laýyklykda Indoneziýa “täze senagatlaşan döwletleriň” hataryna çykmalydy.

Sebitiň döwletleri bilen Garaşsyz Türkmenistanyň gatnaşyklary. Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýa sebitiniň döwletleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Indoneziýanyň we Malaýziýanyň döwlet baştutanlary Türkmenistanda resmi saparda boldular. Agzalan döwletler Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini almagynda uly goldaw berdiler. Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk edýän esasy hyzmatdaşydyr. Bu döwlet Türkmenistana dürli ugurlar boýunça ýokary hünärmenleri taýynlamaga hem kömek edýär.