Mazmuna geçiň

Azerbeýjan-rus gatnaşyklary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Azerbaýjan-rus gatnaşyklary —Stambul parahatçylyk şertnamasy Baryp XV asyryň ikinji ýarymyndan başlap, azerbaýjan-rus gatnaşyklary janlanyp başlaýar. 1465-nji ýylda Şirwan şasy Farruh Ýasar Moskwanyň beýik knýazy Iwan III öz ilçisini iberýär. Muňa jogap edip Moskwanyň knýazy hem 1466-njy ýylda Wasiliý Paniniň ýolbaşçylygynda öz ilçi wekillerini Şemaha iberýär. Olar bilen birlikde Azerbaýjana twerli täjir, belli syýahatçy Afanasiý Nikitin hem gelýär. Ol özüniň “Üç deňziň aňyrsyna syýahat“ diýen işinde Azerbaýjana eden syýahaty barada hem ýazýar. 1521-nji ýylda Sefewi döwletiniň hökümdary şa Ysmaýyl I Moskwa ilçilerini iberipdir. Moskwa knýazy Wasiliý III birnäçe top we beýleki ýaraglary berýär. 1569-njy ýylda bolsa ruslar Tahmaspa 100 sany top bilen 500 sany tüpeň iberýär. Ruslar Azerbaýjanyň osmanlara garşy göreşini goldapdyr. XVIII asyryň birinji ýarymynda hem Azerbaýjanyň osman we eýran basypalyjylaryna garşy göreşi dowam edipdir. XVIII asyryň 20-nji ýyllarynda Şirwan Eýrana garşy göreşiň merkezine öwrülipdir. Emma Şirwanly daýhanlaryň ilkinji gozgalaňlary üstünlik getirmändir. Gozgalaňçylaryň ýolbaşçysy demirgazyk-gündogar Azerbaýjanyň feodallarynyň biri Gajy Dawud Russiýa döwletinden harby kömek soraýar. Emma ruslar olara kömek etmändirler. Sebäbi Russiýa döwletiniň imperatory Pýotr I şol wagtky gündogar syýasaty muňa ters gelipdir. Bu ýagdaýda Gajy Dawud Dagystan feodallaryndan kömek sorap ýüz tutýar. 1721-nji ýylda dagystanlylaryň kömek bermeginde gozgalaňçylar Şemahy gabap basyp alýarlar. Gozgalaňçylar şäheri talaýarlar. Talaňçylyk mahaly Şemahdaky rus täjirler hem uly zyýan çekýär. Bu bolsa Russiýa döwletinde nägilelik döredýär. Pýotr I rus täjirlerine ýetiren zyýanlary üçin gozgalaňçylardan ar almagyň kararyna gelýär. Gajy Dawud bu ýagdaýdan çykalga gözläp Türkiýä ýüz tutýar. Bu bolsa Pýotr I Kaspiý deňziniň kenarlaryndaky welaýatlara harby ýöriş etmegine bahana bolýar. Pýotr I ýörişine başlamazdan öň öz ýörişiniň maksady barada azerbeýjan dilinde “Manifest“ çykaryp, halka ýaýradýar. Manifesti okan ýerli halk Pýotr I gelmegini goldapdyrlar. 1722-nji ýylda Pýotr I Derbentde düşleýär. Onuň ýanyna Bakuwyň, Salýanyň, Reşdiň we beýleki ýerleriň dürli gatlaklarynyň wekilleri gelip, ondan Azerbaýjanyň ýerlerini daşarky duşmanlardan goramak üçin rus goşunlaryny ibermegini hem-de özlerini Russiýanyň tabynlygyna almagyna haýyş edipdirler. Netijede, 1723-nji ýyla çenli Kaspiý deňziniň tutuş günbatar we günorta –günbatar kenarlary rus goşunlary tarapyndan eýelenýär. Rus goşunlarynyň Kaspiý deňziniň kenarlarynda peýda bolmagyndan howatyr edip Türkiýe 1723-nji ýylda öz goşunyny Zakawkazýa girizýär. 1734-nji ýylda bolsa Stambulda bu iki döwletiň arasynda şertnama baglaşylýar. Şertnama laýyklykda Zakawkazýe Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda paýlaşylýar. Türkiýe Russiýanyň Kaspiý deňziniň kenarlaryndaky agalygyny ykrar edýär. Russiýa bolsa öz gezeginde Türkiýanyň Zakawkazýanyň beýleki ýerlerindäki agalygyna garşy bolmajakdygyna wada berýär. Stambul şertnama görä, Şirwan içerki syýasaty boýunça awtonom hukugyna eýe bolýar. Türkiýe Şirwanyň ýerlerinde goşunyny saklamak hukugyndan kesilýär. XVIII asyryň 30-njy ýyllarynda Azerbaýjanda ýagdaý ýene-de ýitileşip başlaýar. Onuň territoriýasy Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky söweş meýdanyna öwrülýär. Eýran-türk urşy döwründe Russiýa döwleti Reşt (1732) we Genje (1735) şertnamalary boýunça Eýranyň peýdasyna Kaspiý deňziniň kenarlaryndaky welaýatlardan el çekýär.