Awstriýa respublikasy 1918-1939-njy ýyllar aralygynda
Awstriýa respublikasy 1918-1939-njy ýyllar aralygynda.
MEỲILNAMA
1. Awstriýa respublikasynyñ döredilmegi.
2. XX asyryñ 20-nji ýyylarynda Awstriýanyñ durmuş-ykdysady we syýasy ýagdaýy.
3. Awstrofaşizm, onuñ mazmuny we esasy ugurlary.
XX asyryñ başynda Awstriýa köpmilletli Gabsburglar imperiýasynyñ uly syýasy özeni hökmünde Ỳewropanyñ iñ amatly ösýän ýurtlarynyñ biridi.Awstriýa senagatynyñ hususylaşdyrylan möhüm pudaklary-fransuz, german,iñlis banklarynyñ maýa goýumlary üçin gowy şertler döretdi.
XIX-XX asyryñ sepgidinde dünýä ykdysady ösüşinde Awstro–Wengriýanyñ ykdysady ulgamy onuñ içerki durmuşyndaky ösüşiñ görnüşleri we depgini bilen gabat gelmeýärdi.Awstriýa bu döwürde Ỳewropa ykdysady giñişliginde yzagalaklygy ýeñip geçmek ugrunda göreşýärdi.
Şeýle hem 2-asyryñ sepgidinde Awstriýa jemgyýetiniñ medeni syýasy we ruhy ösüşde-de gapma-garşylyklydy.Wena(Ỳewropa siwilizasiýasynda) Günbatar bilen Gündogaryñ bölýän esasy nyşan hökmünde öñe çykdy.Awstriýa ösüp barýan slawýan halklary bilen özüne göwni ýetýän, beýlekilerden has ýokarda durýan roman-german,angl-sakson milletleriniñ çatrygy boldy.
Umuman II asuruñ sepgidinde Awstriýa imperiýasy jemgyýetçilik ösüşiniñ özbulyşly ýoluny kesgitlejek boldy. Ol hem I Jahan urşuna alyp geldi.
Awstriýanyñ I Jahan urşuna gatnaşmaga onuñ üçin eýýäm 1914-nji ýylyñ uruş hereketlerinde ol birnäçe şowsuzlyklara duçar boldy. Ahyrynda-da 1918-nji ýylda köpmilletli döwlet dargap başlady, onuñ alamatlary : ýurtda ykdysady boşlugyñ emele geplemegi, urşa garşy köpçülikleýin çykyşlar, goşunda baş-başdaklyk we ş.m. imperiýa häkimliginiñ edaralaryny güýçden gaçyrdy. 1918-nji ýylyñ güýzünde döwlet häkimýetiniñ düýpli üýtgedilmeginiñ zerurlygy ýüze çykdy.
Wenada esasan täsiri Awstriýa partiýalary-sosial-demokratlar, hristian-sosialistler, pangerman we beýlekiler bähbitli hukuk esasynda üýtgeşmeleriñ geçirmegliginiñ ugruna çykdy. Eýýäm 1918-nji ýylyñ Garaşsyzlyk aýynyñ başynda şol partiýalar imperiýanyñ nemes ýerlerini ýeketäk demokratik jemgyýete birleşdirmek ugrunda birnäçe ylalaşyklar baglaşdy. Garaşsyzlyk aýynyñ 21-de imperiýanyñ wekilçilikli edarasy bolan Awstriýa deputatlarynyñ ýygnagy (Reýhsrat). Garaşsyz Nemes – Awstriýasy döwletiniñ döredilýänligini yglan etdi. Sanjar aýynyñ 12-de täze parlament bolsa Awstriýa respublikasynyñ döredilýändigi barada ýörite jarnama Kabul etdi. Indi monarhyñ ýa-da imperatoryñ wezipeleri we ygtyýarlyklarynyñ I bölegi parlamentiñ deputatlarynyñ 1 böleginiñ düzen Döwlet Geñeşine berilýärdi.
1919-njy ýylyñ Baýdak 16-na Dörediji ýygnaga saýlaw geçirilip onda social-demokratlar-72 mandat, hristian-sosial partiýa-69 deputatlyk orny, pangermanlar-26 sany ýer aldylar. Dörediji ýygnagyñ karary bilen wagtlaýyn hökümet döredilip, ýeñiş başlyklygynyñ social-demokrat Karl Renner bellendi, hökümetiñ wagtlaýyndygy Antanta ýurtlary bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşýançady.
1919-njy ýylyñ ilkinji aýlarynda Awstriýada imperiýanyñ döwlet edaraly doly ýok edildi, ýurtda ähliumumy saýlaw hukugy we esasy demokratik azatlyklar girizildi. Wagtlaýyn hökümet birnäçe durmuş-ykdysady çäreleri geçirdi. Mysal üçin : 1919-nji ýylyñ Sanjar aýynyñ 30-da Kabul edilen kanun boýunça ilkinji gezek her ýylda tölegli zähmet rugsady girizilýärdi. 1919-nji ýylyñ Bitaraplyk aýyndan 8 sagatlyk iş güni kesgitlendi.
Umuman wagtlaýyn hökümet Awstriýa respublikasynyñ çäginde birnäçe syýasy, medeni çäreleri hem geçirdi.
Emma Awstriýanyñ ykdysady kynçylyklary, uruşda ýeñilmegi, maliýe çökgünligi oña özbaşdak öz güýjüne daýanyp dikelmäge mümkinçilik berenokdy.
1919-njy ýylyñ Ruhnama aýynyñ 10-da Pariž parahatçylyk maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan baglaşylan Sen-Jermen ýaraşyk şertnamasy boýunça Awstriýa Germaniýadan aýrylýardy hem-de Awstriýa ýeñilen döwlet hökmünde ähli reparasion tölegleri tölemeli edilýärdi. Awstriýa parlamenti Sen-Jermen şertnamasyny doly makullady.
1920-nji ýylyñ Gorkut aýynda gatnaşyk hökümetiñ başynda Maýer geldi. Täze hökümet ilki bilen ýurduñ täze konstitusiýasyny işläp çykmak meselesini üns berdi. Konstitusiýa 1920-nji ýylyñ Garaşsyzlyk 1-de Dörediji ýygnak tarapyndan makullandy. Esasy kanun boýunça Awstriýa Prezident-parlament gurluşly federatiw döwlet diýilip ykrar edilýärdi. Şeýle hem konstitusiýa boýunça ýurtda ilatyñ gatlaklara bölünişigi, dindarlara artykmaçlyklar gadagan edilýärdi, şeýle hem esasy syýasy azatlyklar, federal häkimýetiñ dolandyryş ulgamy, köppartiýalylyk girizilýärdi.
XX-nji asyryñ 20-nji ýyllarynda Awstriýa hökümetiniñ başynda gatyşyk pangerman partiýasy (I.Şoberiñ ýolb) we Hristian-sosial partiýasy (). Bu hökümetiñ ilkinji maksady ol hem ýurduñ ykdysadyýetini galdyrmakdy. 1922-nji ýylyñ Garaşsyzlyk 4-de baglaşylan Ženewe protokollary boýunça Awtsriýa uly möçberde karz kyn berilýärdi. Indi Awtsriýa halkara maliýe toparlary bilen doly hyzmatdaşlyk etmek hukugyndan peýdalanyp bilýärdi.
Şeýlelikde I-nji Jahan urşundan soñ ilkinji ýyllarda Awstriýa uly möçberde daşary yurt maýa goýumlarynyñ gelmegi, salgytlaryñ artdyrylmagy, hem-de önümçiligiñ berk gözegçilige alynmagy-ýurduñ ykdysadyýetiniñ ösmegi üçin amatly boldy.
1922-nji ýylda Italiýada häkimýete faşistleriñ gelmegi, Awstriýa jemgyýetini hem faşistik görnüşe öwürmäge şert döretdi. Onuñ adaty ilkinji görnüşi hökmünde – ownuk harby toparlaryñ döredilmegi, olaryñ dürli şygarlary ulanmagy, uruşlary goldamagy ýaly hereketleridi. Awstriýa faşizmiñ häkimýete gelmegi üçin möhlet gerekdi, sebäbi ilki bilen añyýet we guramaçylyk ugurlaryny üýtgetmelidi.
Awstriýada irki faşistik görnüşi hereket onuñ beýleki ýurtlardan tapawudynyñ ýoklugyny subut etdi.
Awstriýa faşizminiñ esasy hökmünde heýmwer – ýagny öz-özüñi goramagyñ harby bölümleriniñ emele gelmegi bilen alamatlandyrylýardy. Emma ol gelejekde özbaşdak güýç hökmünde çykyş edip bilmedi.
Awstrofaşizmiñ – añyýet özenini, guramaçylyk merkezini döretmekde hristian-sosial partiýa uly işler geçirdi. 1927-nji ýylda HSP-ñ ýolbaşçylygynda geçirilen parlament saýlawlarynda Zeýpeliñ hökümeti üstün çykdy, bu bolsa Awstriýada köppartiýalaýyn ulgamyñ, hem-de parlament demokratiýasynyñ kem-kemden ýok bolmagyny üpjün etdi.
Esasan hem 1929-njy ýylda başlanan dünýä ykdysady çökgünligi Awstriýanyñ döwlet gurluşynyñ üýtgedilmegini tizleşdirdi.
Onuñ hem sebäbi bu döwürde ASDP-ñ we HSP-ñ liderleriniñ, ýagny Şoberiñ we Zeýpeniñ aradan çykmagy ol hereketi uzaga çekmedi. Indi hökümete awstrofaşistleriñ lideri Engelbert Dolfus geldi.
Onuñ ýolbaşçylygynda 1931-nji ýylda heýmwerler topary pitne turuzjak bolýarlar, emma ol başa barmaýar.
1993-nji ýylyñ Nowruz 4-de parlament öz-özünden dargaýanlygy barada habar berilýär. Şeýle hem hökümet ýyknaklary, demostrasiýalary gadagan edip, metbugata hem çäklendirme girizýär.