Awiasion dwigatel

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Boeing 737

Awiasion dwigatel - uçurylýan enjamlary (uçarlary, dikuçarlary, dirižabllary) herekete getirmek üçin hyzmat edýän ýylylyk dwigateli. Awiasion dwigatelden onuň bökdençsiz işlemegi, maksimum kuwwatly bolmagy, ýangyjy az harçlamagy, gabarasynyň kiçi bolmagy we ş.m. talap edilýär. 20 asyryň başlaryndan II jahan urşunyň soňuna çenli uçuş enjamlarynda köplenç porşenli Awiasion dwigatel ulanylýardy. Porşenli awiasion dwigatel işleýiş prinsipi we gurluşy boýunça awtomobil dwigatelinden tapawutlanmaýar. Emma uçuş enjamlarynyň tizligine bolan talabyň artmagy we gazturbina awiasion dwigateliniň peýda bolmagy bilen ol ulanyşdan galýar.
Häzirki zaman uçuş enjamlarynda gazturbina awiasion dwigateliniň turbowintli (TWD), turboreaktiw (GRD) we iki konturly turboreaktiw (DTRD) görnüşleri ulanylýar. Turbowintli awiasion dwigateliň turbinasy ýangyjyň emele getiren ýylylygynyň köp bölegini mehaniki işe, galan bölegini bolsa gaz akymynyň kinetik energiýasyna öwürýär. Turbowintli awiasion dwigateliň işleýiş shemasy boýunça howa akymy diffuzorda tizligiň zarbyna gysylýar we kompressora barýar. Kompressorda howa 7-8 esse gysylyp, ýanyş kamerasyna barýar. Ýanyş kamerasynda howa forsunkadan pürkülýän ýangyç bilen garyşýar we tutaşyp ýanýar. Ýanmak netijesinde emele gelen gaz tizligi ulaldýan enjamyň, soň bolsa turbinanyň piljagazlarynyň üstünden geçýär we giňelmek bilen turbinany herekete getirýär. Turbinada alnan mehaniki iş kompressory we winti aýlamaga harç edilýär. Aýlaw sanyny peseltmek üçin awiasion dwigateliň oky bilen wintiň arasynda reduktor goýulýar. Winti aýlamaga turbinanyň mehaniki işiniň takmynan 40% harç edilýär. Turbowintli awiasion dwigateliň tizligi 700 km/s çenli ýetýär.
Turboreaktiw awiasion dwigateliň winti we reduktory bolman, onda ýylylygyň diňe kompressory aýlamaga gerek bolan bölegi mehaniki işe öwrülýär, galan bölegi bolsa reaktiw soplo arkaly howa ýaýraýar. Soplodan çykýan gazyň ägirt uly kinetik energiýasy bolup, onuň garşysyna şonça-da reaktiw güýç döreýär. Ol reaktiw güýje bolsa turboreaktiw dwigateliň çekiş güýji diýilýär. Iki konturly awiasion dwigatel ses tizligine golaý tizliklerde örän amatlydyr we häzir giňden ulanylýar. Awiasiýada awiasion dwigateliň başga görnüşleri hem ulanylýar.