Awesta

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Awesta — bu gadymy diniñ esasy ýörelgeleri, düzgünleri beýan edilen kitapdyr. Kitabyñ iñ irki yazylan döwri b.e öñki II müñýyllyklara aralaşýar. Sasanylar döwründe arameý (gadymy Eýran) hatlary bilen üsti ýetirilipdir. Awestada Margiýananyñ ady tutulýar.[1] Dorän ýeri hem Margiýana bolaýmagy mümkindir. Awesta 21 kitapdan ýada bölümden ybarat bolupdyr. Rowaýatlara görä Awesta kitaby Zaratuştra dirikä 30 müñ öküziñ derisine zer altyn bilen ýazylanmyş. Aleksandr Makedoniýaly Eýrany basyp alyp, merkezi şäher Persepoly otlanda ol hem ýananmyş.[1]

Ahuramazada - Ahraman ýagşylygyñ we şeriñ hudaýlary hasaplanýar.[1]

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

  1. 1.0 1.1 1.2 A. Gubaýew, Ý. Orazgylyjow, T. Sahydow. Türkmenistanyň taryhy (iň gadymy döwürden VII asyra çenli). Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin synag okuw kitaby. Aşgabat, 2010.s.314.