Awans
Appearance
Awans - 1) geljekki harajatlar üçin öňünden berilýän pul summasy; 2) şertnama boýunça bir kärhana tarapyndan beýleki kärhana geljekde gaýtaryp bermek şerti bilen berilýän pul summasy; 3) kärhananyň ýa-da edaranyň öz işgärine çykdajy üçin berýän pul summasy. Awans birek-birege kredit bermegiň (bankdan daşary) formasydyr, ýöne ol sosialistik kärhanalaryň arasynda gadagandyr. Awans düýpli gurluşyk barada şertnama baglaşylanda, promysel kooperasiýasynda we kanun tarapyndan göz öňünde tutulan beýleki halatlarda berlip bilner. Awans pul ýa-da natural görnüşde adam günlerine laýyklykda aýma-aý ýa-da kwartallaýyn paýlanýar.