Awaça sopkasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Awaça sopkasy - Kamçatka ýarym adasynyň günorta-gündogaryndaky hereket edýän goşa wulkan. Onuň beýikligi 2741 m ýetýär. Awaça sopkasynyň töwereginde deňiz derejesinden 100–300 m beýiklikde bolan wulkanik plato ýerleşýär. Awaça sopkasy 1730 ýyldan bäri 15 gezek atylypdyr. Bu hadysanyň iň soňkusy 1945-nji ýylda bolupdyr. Deňiz derejesinden 1000 m beýiklikde wulkany öwrenýän stansiýa gurlupdyr.