Mazmuna geçiň

Atlyk ýer eýeçiligi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Atlyk ýer eýeçiligi - Hywa hanlygynda ýaşaýan türkmenleriň durmuşynda ýerden-suwdan peýdalanmagyň atlyk formasy bolupdyr.

Horezm türkmenleriniň içinde Hywa hanynyň harby gullugyny berjaý edýän her atly nökere paýlanyp berilýän ýere-suwa “atlyk ýerler” diýilipdir. Bu ýerler suwarymly ekin meýdanlar bolupdyr.

XIX asyryň ortalaryndan atlyk ýerler hem nesilden-nesle geçilýän miras ýerlere öwrülipdir. Entäk Orsýede Hywa birikdirilmänkä türkmenleriň Hywada 2,5 golaý ýagny 70 müň tanapa barabar atlyk ýerleri bolupdyr.

Käbir taryhy arhiw maglumatlaryna görä Hywa türkmenleriniň umumy sany 23 müň öýli bolup olaryň 3 müňden gowragy atlyk ýer alypdyr.

Hywa türkmenlerine nöker gullarda böküp, atlyk ýer almak, amatly bolupdyr. sebäbi harby gullugy üçin aýratyn hak şeýle hem nökerler salgytdan, dürli hili haşar işlerinden boşadylypdyr. Emma türkmenleriň aglamasy ýerleri kärendesine alyp peýdalanypdyrlar.