Mazmuna geçiň

Atamyrat Atabaýew

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

$

Doglan wagty: 16.11.1948 ý. Arada Çykan wagty: 04.03.2020ý.

Doglan ýeri: Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 1-nji Gökje obasy.

Okan ýerileri: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Moskwanyň (Russiýa Federasiýasy) edebiýat instituty.

Alan baýraklary we olaryň ady: „Watana bolan söýgüsi üçin“ medaly, „Gaýrat“ medaly, „Galkynyş“ ordeni, „Bitaraplyk“ ordeni, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. “Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, 2008 ýyl.

Eserleriniň atlary: „Diýarym“, „Seni söýmedik bolsam“, „Çuňluk“, „Söýgüden söýgä“, „Dowamat dowam“, „Tylla terezi“ (1992), „Gumsagat“ (1989), „Bary-ýogy bir ömür“, „Başga tüýsli goşgular“ (1997), „Garaşsyzlyk ganatym“, "Başa täç edeliň Türkmenistany", "Döwletli döwran" (2010).

Çagalar üçin: "Bagşy bilbil", "Boý derege boý gerek", "Dört dogan", "Ýaz nireden çykdy".
Poemalary: "Dowamat dowam", "Oguz han rowaýat", "Salyr Gazanyň toýy","Kül Teginiň hatyrasyna uly ýazgy", "Kül Teginiň hatyrasyna kiçi ýazgy", "Bilge Kaganyň hatyrasyna ýazgy"

Terjimeler: 1. Döwletmämmet Azady “ Wagzy-Azat”.

2. Abdysetdar Kazy “Jeňnama”.

3. Töwratyň 1-njii kitaby.

4. Gadymy Mahineý ýazgylaryndan “Ergutlar”.

5. Gadymy Ýunanystanyň mifleri.

6. Mihail Bulgakowyň “Ussat we Margarita” romany.

7. Ahmet Gurbannepesow we Döwletmyrat Kerimow dagy bilen bilelikde “Kalila we Dimna” (hindi rowaýatlar kitaby).

8. Gazakbaý Ýollyýew bilen bilelikde “Hyýanatdan soňky sud”.

9. Rus dilinden Puşkiniň, Lermontowyň, S. Ýeseniniň, Ýew. Ýewtuşenkonyň, Kaýsyn Kulyýewiň, Rasul Gamzatowyň goşgulary.

Gosgularyndan:
            Garaşsyz

Goý,güller açylsyn sähraň ýüzünde, Asmanam,goý,rähnet nuruny saçsyn! Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde Türkmenistan-ata mekan garaşsyz!

Dünýäniň kartasynda türkmeniň ýurdy, Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn. Daglaryň arslany, çölleriň gurdy - Türkmen, bu gün gadym ýurduň garaşsyz!

Türkmen aga, telpegiňi göge zyň, Gyňaçlaram baýdak kimin parlasyn. Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň Türkmenistan - ata ýurdum Garaşsyz!