Atamyradow Azat Sylapowiç
Atamyradow Azat Sylapowiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1985 Aşgabat şäheri |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri |
Milleti | Türkmen |
Atamyradow Azat Sylapowiç – Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Doglan senesi we ýeri
[düzet | çeşmäni düzet]1985-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy.
Bilimi we hünäri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýokary bilimli. 2007-nji ýylda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk hünäri boyunça tamamlady.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]Zähmet ýoluna 2001-njy ýylda Aşgabat şäheriniň «Gurluşyk» hojalyk şereketiniň awtoulag abatlaýjysy bolup başlady.
2008-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň dürli edaralarynda zähmet çekdi.
2013-2015-nji ýyllarda Hasaplaşyk merkeziniň halkara hasaplaşyk bölüminiň ulag-ekspeditorüylyk bölümçesiniň başlygynyň orunbasary.
2015-2017-nji ýyllarda «Demir ýolçy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygy.
2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
12.2017-26.01.2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.
2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellendi.
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden[permanent dead link] //www.turkmenistan.gov.tm
Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.4.