Ata Salyh
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Ata Salyh (1908-1964 ýý.)
Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh 1908-nji ýylda Mary oblastynyň Murgap raýonynyň Şordepe obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Üç ýaşyny doldurmanka gözagyry keselinden göreçleri şikes tapýar we ol göreçlerinden mahrum bolýar.
Ata Salyh ýaşlykda düşbi, zehinli, bilesigeliji bolup gürrüňçi hem dessançy ýaşulularyň, ertekiçi mamalaryň gürrüňlerini diňläpdir. Halk arasynda giňden ýaýran “Görogly” eposy, Keýmir kör, Aldar Köse, Esen Polat, Myraly, Japbaklar hakyndaky ýiti şorta sözler, legendalar hem rowaýatlar şahyryň aň-düşünjesiniň ösmegine dünýägaraýşynyň terbiýelenmegine täsir edipdir.
Ata Salyh 11-12 ýaşlarynda goşgy düzüp başlaýar. Döredijilik işinde Ata Salyhyň hakyky mugallymlary Kormolla hem Mollamurt bolupdyr.
Şahyryň ilkinji goşgusy 1931-nji ýylda Maryda çykýan “Täze oba” gazetinde çap edilýär. Şahyr “Tokmak” žurnalynda hem-de “Sowet Türkmenistany” gazetiniň ýörite habarçysy bolýar.
Döredijilik işinde gazanýan üstünlikleri üçin A.Salyh 1934-nji ýylda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalagyna kabul edilýär. A.Salyh gözsüzligine garaman sowet halklarynyň edebiýatylar bilen yzygiderli tanyşyp durýar.
Şahyryň iň gowy goşgularyny öz içine alýan, 1939-nji ýylda çap edilen ýygyndysy oňa has-da uly abraý getirýär. Hökümet ony “Zähmet Gyzyl Baýdak” ordeni bilen sylaglaýar. Şol ýylda oňa “Türkmenistanyň halk şahyry” diýen hormatly at hem dakylýar.
Şahyr diňe bir ussat şahyr hökmünde däl, eýsem ertekiçi hökmünde meşhur boludyr. 1940-njy ýylda çykan “Dynç alyş wagtynda” atly ertekiler hem ýomaklar kitaby muňa mysaldyr. Türkmenistanyň edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan şahyr döredijiliginiň iň kämil wagtynda 1964-nji ýylda biwagt aradan çykýar.
Hökümet “Mähriban halkynyň hakyky hyzmatkäri bolan” Ata Salyhyň döredijilik we jemgyýetçilik işine ýokary baha berdi. Ol iki sany “Zähmet Gyzyl Baýdagy”, “Hormat nyşany”, “Gyzyl ýyldyz” ordenleri hem-de medallary, TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Ata Salyh Türkmenistanyň Sowet edebiýatynda satiranyň we ýumoryň ösmeginde goşant goşdy. Onuň “Elhepus”, “Boljak däl”, “Şagal bilen horaz”, “Kädiniň gülküsi”, ýaly basnýalary muňa mysaldyr. Kakasy Salyh Gyşşamma . Ejesi Ogulsabyr . Sowet hokumeti tarapyndan olara yer berilyar . Kakasy 1925 de olyar . Kakasy olenden soň ejesi leningrad kolhoz clen bolup işe giryar . 8 Jan maşgalany ejesi ekleyar
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |