Ata Mäneli
Ady: Ata
Doguldy: 1902. Türkmenistan SSSR Ahal welaýat. Mäne obasy.
Milleti: Türkmen
Eden işleri: Rus basybalyjylaryna garşy göreşen adam
Öldi: Mary welaýat.
Depin edildi: Murgap. Ata-Lewin mazarlygy.
Häzirki Mary welaýatynyň Murgabyň bir obasy bolan Ata Lewinde Ata Mäneli atly bir gerçegiň mazary ýerleşýär. Ol Eziz han ýaly bolup, Garyplary goldap baýlara salgyt salýar eken. Ol Rewolýusiýa döwründe Oruslara ot ýakdyrmandyr. Oňa «Galtaman, basmaçy» diýip şyltak atylýar. Oruslary köp talap gyrgyna berip gezipdir. Ony Sylap Girjik diýlen biri bilen dil düwşüklik gurnap rewolýusiýenerlere goşuljak bolup öldüripdir. Ata Mäneli dümede gawun iýip otyrka Sylap Girjik bilen oňa goşulan dildüwşiçiler tarapyndan kellesi palta bilen çapylýar. Bäş-alty adama aldyrjak däl eken, duýdansyz basypdyrlar üstüni. Şonda aşakdan emedekläp çyksa-da palta çüwdänesine gowy degipdir. Şeýdip janyndan el üzýär. Gaýgysyz Atabaýyň öňüne Ata Mäneliň kellesini eltip beripdirler, olam gygyrypdyr: «Men näme ölen maslygyň kellesini başyma ýapaýynmy, diri getiriň diýip aýtmadymmy size!» - diýip olaram atdyrýar. Gaýgysyz Atabaý Ata Mäneliniň galtaman däldigini bilýär eken.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]Amanmyrat Şagulyýew. Ata Mäneli. Taryhy roman. 1992. I一II jilt.