Mazmuna geçiň

Arzuw sagaldyş merkezi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

“Arzuw” sagaldyş merkeziniň çäginde peýda bolan bu merkez Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda bina edildi.

Ýokary derejeli aşhana gurallary bilen enjamlaşdyrylan restoran dynç alýanlaryň iýmitlenmegi üçin hyzmatyň dünýä standartlaryna laýyk derejesinde üpjün edilipdir.

“Arzuw” sagaldyş merkeziniň täze binasynyň arhitektura keşbi barada aýdanyňda, ol binanyň daşy bilen gurşalyp, iki gatly jaýyň ýokarsynda asmana göterilen ýelken şekilindäki diňden ybaratdyr. Myhmanhananyň örän oňaýly mebeller bilen üpjün edilen, iň häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan otaglary bolup, olarda myhmanhana hyzmatynyň iň ýokary derejesi hödürlenýär. Ýeri gelende aýtsak, «Arzuw» sagaldyş merkeziniň çäginde gurlan myhmanhananyň binasynyň içerki bezegine öwrülen çeper şekilleriň türkmen suratkeşleriniň zehininden dörän surat eserleridigini bellemelidir. Myhmanhananyň zallarynda, otaglarynda goýlan suratlar türkmen zergärleriniň zehininden dörän ajaýyp şaý-sepleri, türkmeniň jana tenekar tebigatyny, halkyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerini we beýleki şekilleri suratlandyrýarlar. Belent jaýa ýanaşyk duran iki gatly binada anyklaýyş we fizioterapiýa apparatlary oturdylan lukmançylyk otaglary, 165 orunlyk maslahatlar zaly, restoran, bar, türgenleşik zaly we beýleki dynç alyş-şüweleň merkezleri bar.

Ulular üçin niýetlenen bina 300 orunlyk bolup, ol 75 orunlyk 8 kotteji birikdirýän çagalar şäherjigi bilen 600 orunlyk giň naharhanany özünde jemleýän şypahana infrastrukturasynyň iki bölegi üçin hem umumy bolan bir bitewi binagärlik toplumyny emele getirýär.

Sagaldyş merkezi häzirki zaman kompýuter tehnikasy hem-de çagalaryň uly isleg bildirýän ýeri bolan stoluň üstünde oýnalýan oýun abzallary bilen enjamlaşdyrylan otaglar bilen üpjün edilendir.

Bu desgada bilýard oýnalýan zal hem bardyr. Zalda bütin dünýäde meşhur bolan bu oýun üçin ähli şertler döredilipdir.

gollanma maglumat merkezi