Artezian

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Artezian - basyş astyndaky çuň ýerasty suwlara degişli guýy.

Arteziýan suwlaryň iň bir häsiýetli aýratynlyk alamaty - olaryň basyşlylygy bolup, suwly gatlagyň üsti açylanda ondan suw çüwdrim görnüşde ýokary galmagydyr.

Arteziýan suwlaryň aýratynlyklary[düzet | çeşmäni düzet]

- dyňzow gatlaklara suwly gatlaklar we olaryň toparlary ýokarsyndan we aşagyndan suwa bent gatlak arkaly gurşalandyr;

- iýmitleniş, dyňzow emele geliş we ýaýraýyş meýdanlary gabat gelmeýandir we biri–birinden uzak aralyga aýrylandyr;

- dyňzow suwly gatlaklaryň üsti açylanda suwyň derejesi ýer üstünden ep-esli ýokary galýändir, guýy çüwdirimlidir;

- teýgum suwlara garanyňda arteziýan suwlaryň düzgüni has asudadyr, ýagny munyň düzgünine ýerüsti şertler az täsir edýändir;

- arteziýan suwlaryň geologiki kesiminiň ýokary böleginde suw-süýjidir, çuňlygyň artmagy bilen suwyň minerallaşmasy artýar suw şorlaşýär, hat-da şerebä dönýär.