Mazmuna geçiň

Arap döwletleriniň osmanly türkleriň gol astyna düşmegi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

MOWZUK: Arap döwletleriniň osmanly türkleriň gol astyna düşmegi.

M E Ỳ I L N A M A

1. Müsür osmanly türkleriň gol astynda.

2. Siriýanyň türkleriň gol astyna düşmegi.

XVI asyrda bütin arap döwletleri türkler tarapyndan basylyp alnypdy we osman imperiýasynyň düzümine girizilipdi. Ilkinji Siriýany soň arap döwletlerini boýun egdirdi.

Siriýanyň ilaty iki taraplaýyn ezişe sezewar boldy. Mamlýuklaryň zulumyna şäheriň pes gatlagy, hünärmentler we maýda söwdagärler zyýan çekýärdi. Üstesine salgytlar hem halkyň öňki erbet durmuşynyň üstüni doldurýardy.

1516-njy ýylda türk goşuny Selim I ýolbaşçylygynda Kiçi Aziýa Demirgazyk Siriýa aralaşdy. Mamlýuk goşunlary Müsürden Soltan Kansu Guriniň ýolbaşçylygynda gelipdi. Olaryň oňat ýaraglanan türk goşunlary we gury ýer goşuny (ýaniçarlar) olaryň atly goşunyny ýeňillik bilen boýun egdirdiler. Şeýdip Siriýanyň halky garşylyk görkezmän türklere boýun bolup başladylar. Selim I ýaniçar goşunlary Damaskda ýerli ilaty taladylar. 1517-nji ýylda türk goşunlary Selim I başda durmagynda Kaira geldiler. Müsüriň paýtagtyny talap başladylar. Kansu Guri ölenden soň onuň öňki guly Tuman beg mamlýuk goşunlaryna ýolbaşçylyk edýärdi. Ol Selimi Müsür beduinlerine tutup berýär, emma onuň ödüni tutup, Kairde dardan asýarlar. Şeýdip, türk soltany Hajisi musulmanlaryň Mekge Medinedäki çokunýan ýerlerine çenli eýeläpdirler. Selim I Käbe ybadathanasynyň açaryny alýar.

Ýöne türkler ýerli iri ýer eýelerini güýçli süteme sezewar etmän, bir bölen ýerini ellerinden alypdyrlar. Ol ýerleri-de mamlýuklara garşy göreşýänlere beripdirler. Jepa çekjek, süteme sezewar boljak ýerli ilatdy, ejişe çydam edip bilmän 1517-nji ýylda Siriýada halk gozgalaň turuzdy. Siriýany türkler 4 welaýata bölüpdi, oňa paşalyk diýip at beripdi. Damask, Tripoliýa, Saýd we Haleb. Halebde türkler ýerleşende, beýleki paşalyklarda ýerli iri ýer eýeleri türklere wassam bolup, halkyny ezýärdi. Soltan salgyt ýygnap Stambula (Konstantinopyla) soltan haznasyna girdeji ýollaýardy. Özünde galdyran serişdeleriniň hasabyna goşuny saklamalydy. Halkyň güýçli ezilmegi, hojalygyň çagşamagyna getirdi. Üstesine XV asyrdaky Beýik geografiki açyşlar hem Hindistan we Indoneziýadan gelýän harytlar Günbatar Ỳewropa ýurtlaryna umman ýollary bilen geçirildi, olar Kiçi Aziýada düşlemediler. Emma Liwanlylar türklere garaşly bolmajak bolup uzak göreşipdirler. Fahreddin II patyşa bolan wagtynda 1585-nji ýylda bary-ýogy 13 ýaşapdy, ol 1635-nji ýyla çenli ýurdy dolandyrýar. Fahreddin ilkibaşda türk soltanyna wassal borçlaryny ýerine ýetirip berýär. Şonuň üçin türk soltanlary beýleki ýerli iri ýer eýeleriniň elinden ýerini alyp eýeçiligini giňeldende-de oňa garşylyk görkezmeýärler. Ol Ỳewropa ýurtlary Fransiýa, Flarensiýa bilen söwda aragatnaşygyny edýär. Onuň döreden özbaşdak döwletine türk hökümetiniň gözi gidip, 1609-njy ýylda Damaska Ahmet Hafizi goýup, Anatomiýadan ýarag getirdýär. Türk we arap güýçleri birleşip Fahreddiniň Manid emirliginiň garşysyna göreşýärler. Diňe 1613-nji ýylda türk harby ilaty Siriýa-liwan kenaryny zabt edýär. fahreddin gaýtawul bermäge güýjüniň ýetmejegine gözi ýetenden soň fransuzlaryň gämisine münüp, Italiýa ugraýar. Ol 5 ýyllap Italýan we Fransuz döwletinden osman imperiýasyna garşy göreşde kömek bermeklerini sorap gezýär. 1618-nji ýylda ol Liwana gaýdyp gelýär. Onuň türklere garşy göreşe çagyryşyny halk goldaýar, 100 müň adamadan ybarat goşun jemleýär.

Antýuhiýadan Sadada çenli ýerlerde türk agalygynyň soňuna çykýar. 5 ýyldan soň Damask patyşasynyň goşunyny derbi-dagyn edip, Palestinany eýeleýär. Emma halys uruşlar zerarly ýadan goşun öz obasyna gidýär, ol ýerde-de uruş zerarly halkyň ýagdaýy agyrlaşdy. Şu ýagdaýlary görüp, türk hökümeti Fahreddine garşylyk görkezýär. 1635-nji ýylda ony ýesir alyp, Stambulda jezalandyrýarlar. Müsürde Süleýmanyň basyp alyşlaryna garşy gozgalaň tutaşýar. Süleýman 1525-nji ýylda Ibraýym patyşany Müsüre tertip-düzgüni girizmäge iberýär. Müsürde Süleýman I döwründäki “Kanunnamalar” girizilýär, daýhanlar ýene-de iri ýer eýeleriniň ýerlerine berkidilýär. Pul we zat görnüşindäki salgytlar girizilýär. Halky ezip, oba-hojalygy, senagat pese gaçdy. Hindi ummanynda we Gyzyl deňizde Portugal söwdagärleri agalyk edýärdi. Müsür gury ýerde edýän öňki söwdadaky agalygyny elden gidiripdi.

Demirgazyk Afrika.

XV asyrda iri ýer eýeçiliginiň dagnyklygy we özara uruşlar netijesinde pese gaçyp, daşky çozuşlara gaýtawul bererden güýçsizdi. Ilkinji Ỳewropalylaryň Demirgazyk Afrikany boýun egdirmek üçin çozuşy 1415-nji ýylda Marokko gönükdirilipdi. Portugallar basyp alandan soň halkdan dürli salgytlary ýygnapdyrlar. Kä halatlarda çozup girip, şäher obalary tozduryp, erkek, aýal, çagalary ýesir alyp gidipdirler. Olary gul bazarynda satypdyrlar.

XV asyrda Ispaniýada rekonnistik hereket gutarandan soňra demirgazyk Afrika ispan goşunlary ýöriş etdiler. Alžiriň golaýyndaky şäheri eýelediler. Ol ýerde gala galdyrdylar we ýurduň paýtagtyna toplary şol ýerden gönükdirdiler. 1510-njy ýylda ispanlar Tripoliýany eýeläp, ilatyny öldürdiler, taladylar, gula öwürdiler.

XVI asyryň I ýarymynda Demirgazyk Afrikada täze basybalyjylar peýda bolup, olaryň içinde türkmenler hem bardy. Haýreddin Barbaros Mitilen (Lesbos) adalaryna ýörişler gurady. Alžirde öz döwletini döretdi. 1518-nji ýyldan başlap ol ýerde höküm sürüp başladylar. 1529-njy ýylda oňat ýerleşip halkdan salgyt ýygnady. Türkler Yrak, Müsür, Siriýa, Palestinanyň hasylly ýerlerini eýelediler. Arap döwletlerini eýaletlere böldüler.

Şu seredilýän döwürde arap medeniýeti pese gaçypdy. Munuň sebäpleriniň biri-de, türk agalygy netijesinde ezişiň güýçlenmegidi.

Arap dilindäki hat-ýazuwy hökümet we harby işlerde türk ýazuwy bilen çalyşdylar. Ýöne ylymda, çeperçilik sungatynda, dini-ýuridiki edebiýatda arap dili saklandy, hat-da türk alymlary-da öz makalalaryny arap dilinde ýazdylar. Bu arap medeniýetiň ösendigini tassyklaýar.

XVI-XVII asyrda arap taryhçylary “umumy musulman” taryhyny döretmek bilen meşgullandylar. Terjimehallar görnüşindäki maglumatlary ýazypdyrlar. Ertekilerden “Müň bir gijede” XVI asyryň ahyrynda döredilen halk döredijiliginiň nusgasydyr.