Mazmuna geçiň

Arap-ysraýyl urşy 1973

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýakyn Gündogar gapma-garşylygy. 1973ý arap-ysraýyl urşy.

Ýewropada dartgynlylygyň birneme gowşandygyna garamazdan, birnäçe ýerlerde sebitara dawalar dowam edýärdi. 70-80-nji ýyllarda ýakyn Gündogar sebitara dawalaryň ýitileşen ýerine öwrülipdi. Palestina meselesi sebitiň halklarynyň parahatçylygyna elmydama howp salýardy. BMG 1967-nji ýyl22-nji noýabrynda Ysraýylyň basyp alan arap ýerlerinden çykmaklygyny talap edýän karar kabul etdi. Emma Ysraýyl ol karary ýerine ýetirmedi.

1973-nji ýylda nobatdaky, dördünji arap-ysraýyl urşy tutaşdy. Arap ýurtlary, Ysraýylyň üstüne duýdansyz çozdy. Müsüriň ýaragly güýçleri Sues kanalyndan üstünlikli geçip, Sinaý ýarymadasyna çozdy. Siriýa Golan belentlikleriniň sebitinde söweş hereketlerini ýaýbaňlandyrdy. Uruş özüniň netijesiz tamamlandy.

Uruş Müsüriň ykdysadyýetine agyr zarba urdy. Esasy girdeji çeşmesi - Sues kanaly işlemegini bes etdi. Gamal Abdel Naser ýogalandan soňra ýurduň döwlet baştutany bolan Anwar Sadat Müsüriň syýasatyny 180 gradus başga ugra öwürdi.

1973-nji ýylyň ýeňlişinden soň Anwar Sadat Arap birligi meýillerinden el çekdi. Ol Sues kanalyny we Sinaýy diňe Ysraýyl bilen ylalaşyp yzyna almagyň aladasyny etdi. Ol 1976-njy ýylda SSSR bilen däp bolan gowy gatnaşyklaryny kesdi. 1978-nji ýyl17-nji sentýabrynda Kemp-Dewidde (ABŞ-yň prezidenti J.Karteriň tomusky kabulhanasynda) A. Sadat Ysraýylyň premýer-ministri Menahem Begin bilen (separat) ylalaşyk baglaşdy. 1979-njy ýyl26-njy martynda bolsa Waşingtonda „Ysraýyl bilen Müsüriň arasynda parahatçylyk baradaky şertnama“ gol çekildi. Kemp-Dewid ylalaşygyna laýyklykda Sinaý ýarymadasy yzyna Müsüre berildi. Müsür hem öz gezeginde Ysraýyla garşy uruş syýasatyndan el çekmek barada ylalaşdy.

Kemp-Dewid ylalaşygy we ýaraşyk şertnamasy arap dünýäsiniň agzybirligine ýiti zarba urdy. Müsür arap ýurtlarynyň Ligasyndan çykaryldy. Sadatyň Ysraýyl bilen baglaşan ylalaşygyny dönüklik hasaplap, 1981-nji ýylda harby parad mahalynda yslam fanatikleri ony atyp öldürdiler. 1961-nji ýylda Palestinany azat ediş guramasy döredildi. Bu gurama Palestinanyň özbaşdaklyk ugrundaky halk hereketine ýolbaşçyltyk etdi. Guramanyň ýolbaşçysy Ýaser Arafat boldy.