Arçaýew Myrat Gurbandurdyýewiç
Arçaýew Myrat Gurbandurdyýewiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1987 Aşgabat şäheri |
---|---|
Käri | «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy |
Milleti | Türkmen |
Arçaýew Myrat Gurbandurdyýewiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Doglan senesi we ýeri
[düzet | çeşmäni düzet]1987-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýokary bilimli. 2009-njy ýylda Harkowyň politehniki institutyny ýangyjyň we uglerod materiallarynyň himiki tilsimaty hünari boýunça tamamlady.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]2011-2012-nji ýyllarda Günorta Ýolöten-Osman gaz kondensat ýatagyny (2012-nji ýyldan «Galkynyş» gaz käni) işläp geçmek bölümçesiniň inženeri bolup işledi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmek bölüminiň inženeri bolup işledi.
2012-2017-nji ýyllarda - «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gazy we suwuklandyrylan gazy daşary ýurtlara satmak müdirliginiň baş hünärmeni, başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi.
2017-nji ýylyň mart aýyndan aprel aýyna çenii «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary.
04.2017-01.12.2017-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň döwlet ministriniň - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetrirýär.
01.12.2017-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi.
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]- Myrat Arçaýew Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi[permanent dead link]
Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Türkmenistan" gazeti, №326 (28910) 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-si, S.1.