Apbas II

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

APBAS II (144) – Sefewi türkmenleriniň döwletiniň 7-nji şasy. Ol bu döwletiň 6-njy şasy Sefi I-niň ogludyr. Ol 1642 – 1666-njy ýyllarda döwleti dolandyrypdyr. Apbas II häsiýeti boýunça ýumşak, parahatçylyk söýüji, rehimdar adam bolupdyr. Onuň döwründe Eýranyň ykdysadyýeti ösüp başlaýar. Eýran Günbatar Ýewropa döwletleri bilen ykdysady söwda gatnaşyklary ýola goýýar. Ol aýratyn-da Gollandiýa bilen söwda gatnaşyklaryň ösmegine üns beripdir. Golland söwdagärleri Eýranyň ýüpegini hiç-hili gümrük paçsyz ýurtdan alyp çykmaga hukuk alypdyrlar. Fransiýa, Angliýa, Russiýa bilen gatnaşyklar ösüpdir. Apbas II Beýik Mogollar imperiýasy bilen Gandagaryň üstünde uruş alyp barypdyr. 1649-njy ýylda şa Apbas II kakasy Sefi I-niň elden gidiren Gandagar şäherini yzyna gaýtaryp alypdyr.