Animizm

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Dinleriň gelip çykyşy bilen baglylykda esasy ugurlary bilen Animizm ady astynda bir system düzen Taỳlordyr. Ondan soň bu teoriỳany ösdüren Spenser bolsa oňa esasy üỳtgetme girizmeden tekrarlamak bilen bir wagtyň özünde, onuň ulanỳan adalgalary we öňe süren teklipleri-de öňküligine galypdyr.

Taỳlor we Spenseriň pikrine görä ;ruh; düşünjesi diniň iň esasy düşünjesidir. Ilkinji ynsanlar ỳönekeỳje bir ỳalňyş bilen belli bir gönümel düşünjä barypdyrlar. Düỳşlerinde göwreleri bir ỳerde duran bir wagtyň özünde özleriniň başga ỳerlerde aỳlanyp, başga işler etmeginden olar, hökmäni ỳagdaỳda özlerinde iki barlyk bolmaly diỳip düşünipdirler. Ỳene-de olar, gwreleri düỳş görülen ỳerde bolmadyk adamlar bilen görüşip, olar bilen gürleşmeginden, olar hem özlerinde iki barlygy jemleỳän bolmaly diỳen hyỳala barypdyrlar. Şeỳlelik bilen “her kimiň özünden başga-da her ỳerde erkin aỳlanyp gezip bilỳän bir ỳoldaşy bolmaly” diỳen netijä gelipdirler. Bu ỳoldaş özüne meňzeş bolmagy bilen bir wagtyň özünde, belli aỳratynlyklary bilen tapawutlanỳardy. Bu ỳoldaş ;Jan;dyr. Ol bir ruh (spirit) bolman eỳsem adatdan daşary ỳagdaỳlarda özünden aỳrylỳan belli bir göwrä baglydyr. Jan diňe köp üỳtgemelerden soň; Ruh; diỳen düşünjä eỳe bolupdyr.

Ỳene bir tarapdan bolsa, ölümiň diňe bir uzak wagtlap özünden gitmek ỳa-da uwklamakdyr diỳip düşünen şol ilkinji ynsanlar, göwräniň ỳene-de oỳanjakdygyna ynanypdyrlar. Şeỳlelik bilen Ruhuň göwreden garaşsyz bolmagy hem-de maddileşen Janlary döredỳändigini hakyda getirmäge mejbur bolupdyrlar. Netijede, hiç hili organizme bagly bolmadyk garaşsyz hem erkin; Ruh; dünỳä inipdir.

Indi Jan öz hilini degişdiriỳär. Ol indi diňe ynsan göwresiniň diriligini üpjün edỳän bir Tin (Spirit) bolman eỳsem; Ruha; ỳagny ỳagşy we ỳaman Ruhlara, ỳagşy we ỳaman Jynlara we hatda Tňrylara öwrülỳär. Emma bu taňrylaşan adamlaryň ölüme sezewar bolỳandygy üçin, ynsanlaryň belli bolan ilkinji mukaddes ynançlary Ruhlara, ata-babalaryň ruhlaryna sejde etmek bolupdyr.

Bu özbaşdak galan ruhlaryň dirileriň arasynda aỳlanyp gezip ỳörendigine, şonuň ỳaly hem olardan her hili ỳagşylyk ỳa-da ỳamanlygyň çykyp biljekdigine ynanan ynsanlar, özlerini olaryň ỳetirip biljek ỳamanlyklaryndan gorap bilmekleri üçin her hili ỳollara ỳüz urmak mejburiỳetinde galypdyrlar. Şeỳlelik bilen ilkinji jynaza we jaỳlama dabaralary, janly aỳdyp gurbanlyk etmek we ötenleriň gereklerini garşylamak üçin iỳmek-içmek hödürlemek däpleri ỳüze çykỳar. Ilkinji sadaka berilen ỳerler bolsa gonamçylyklar bolupdyr.

Ata-baba ruhlarynyň özbaşdak bir barlyk meỳdanyny döredỳändigine ynanmakdan hereket eden bu düzgün (sistema), tebigat daşynda gezỳän bu ruhlaryň ugrukdyryjy hem ỳolgörkeziji güỳjüne, şonuň ỳaly-da mukaddesligiň ata-babalardan gelỳändigine ynanypdyrlar. Şu düşünje bilen hem urug agzalary, ata-babalarynyň ruhuny gutly we mukaddes bilip, olryň adyna ỳakylan ody hiç-haçan söndürmejek bolupdyrlar [Türkmenlerde-de ỳaşulylar yzygiderli ỳaşlara “Ataňyzyň ojagy öçmesin, öỳlenip ogul-gyz urbadyň!” diỳerdiler. Eger-de birinden ogul-gyz galman aỳrylsa ony iň ajy hem hakyky ölüm hasap edip “pylan pahyryň-de ojagy öçdi” diỳerdiler. Mundan başga-da, Otak we ojak sözleriniň hem ;ot; sözünden gelip- çykmagy örän manylydyr