An-Nasawy
An-Nasawy —Matematika boýunça köp işleri eden Abul-Hasan Aly ibn Ahmet An-Nasawy takmynan 970-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň günbatarynda ýerleşýän gadymy Nusaýda dogulýar ,takmynan 1030-njy yylda aradan çykýar.Alymyň Ýewro-pada latynça ady Abilhasan Hali ben Ahmad Nasuenis diýlip atlandyrylýar.
An-Nasawy özüniň ,,Al- mukni- fil- hisab al-hindi’’(takmynan hindi hasap-lanyşygy barasynda) atly traktatyny Gazna şäherine baranyndan soňra, yagny 1029 – njy yylda ýazýar. An – Nasawy öz kitabynda hindileriň usuly boyunča hasapda gowy üstünlik gazanyar. Onuň bu eseri bütinleyin biziň zamanamyza gelip ýetdi. Bu kitabyň mazmuny özünden 200 yyl ozal yazylan Al – Horezminiň arifmetiki traktaty bilen meňzeşdir. Onuň sanlardan takmyn we kub kökleri almak üčin görkezyän kadalary bolsa hytaýlylaryň gadymy matematikasy-nyň An- Nasawynyň döredijiligine belli bir derejede täsir edendigini görkezyär . An- Nasawy bu matematiki eserini dört kitaba bölyär. Birinji kitaby bitin sanlar üstünde amallara, ikinjisi drob sanlara we olaryň üstünde amallara , üčünji kitaby – garyşyk sanlara we olaryň üstündäki amallara , dördünji kitaby bolsa – graduslar,minutlar, sekuntlar we olardan kiçilere bagyşlanỳar.Ýokarda aýdylan traktatdan başga An-Nasawy “Al-şiba fi şarham-şakl al kita ” (geometriýa degişli) diýen kitaby hem ýazypdyr.