Amangeldi göni
Amangeldi göni arapgala(Isbender)obasynda eneden dogulýar. Ol Syçmazlaryň Arap It tiresinden. Amangeldi meşhur dutarçy bolup ýetişýär. Onuň men diýip jahil wagty Türkmen topragyna kese ýurtly basybaljylar dürli çozuşlary edipdirler. Şol döwürde Ahala Nurberdi Han hanlyk edipdir. Amangeldi göni ussat tamdyraçy,saz dörediji,mergen,söze çeper bolansoň, Nurberdi Han maslahatçy,sazanda hökmünde ony ýanyndan aýyrmandyr. Nurberdi Han Amangeldini diýseň gowy görüpdir.Han aga ondan maslahat Soraman,hiç bir işi çözmändir. Nurberdi Amangeldiň sözüne halkyň pikri diýip düşünüpdir.Şoňa göräde, ýaşulular bilen duşuşanda, Amangeldisyz geňeş geçirmändir.Maslahatda Ahal ilinde ýüze çykan her bir narazyçyligy bileligde çözüpdirler. Amangeldi Şükür bahşy bilen deň- düşrakdyr. Ýöne ýetgijeklig döwrüne ýeten wagtlary Şükür bahşy Gökdepe etrapyndan göçüp,Ürgenje, soňra bolsa, ymykly kaka etrapynyň duşak obasyna barýar.
Olaryň basym-basymdan duşuşmasalar-da, toýlarda, üşmeklerde görüşüpdirler. Amangeldiniň kakasynyň ady Orazalydyr.Amangeldi hakda köp rowaýatlar bar. Amangeldi ýaşka,gözüne ilen zady göterip gidiberipdir, diýýärler. „ Ogurlyk edeniň eli kesilýärmiş „ diýen gürrüňi eşidip, ol göni ýola gidipdir diýen ýaly gürrüň bar. Ýenede bir rowaýatda Amangeldi awa gidip,işi paşman aç halda öýe gelýärkä, ýolda molla düşüp, onuň öýünde unaş içip: „ Ind-ä bir gönilendim „ diýipdir.Molla bolsa: „ gönilenen bolsaň indiden beýläk seniň adyňa Göni garyn goýýarys „ diýýär. Haýsysy dogry bolsa-da bü gürrüňlriň Amangeldiniň ussat tamdyraçy bolup ýetişmegine päsgel bermändigi welin çyn.
Amangeldi Nurberdi Hanyň köşgünde bolanda,goşun serkerdeleri hem Amangeldini örän ýagşy görüpdirler. Ylaýtada Berdimyrat Han(Nurberdi haniň ogly),dykma serdar,Öwezmeret serdar,kerimberdi işan, Atalyk Han onuň ussatlyk bilen çalýan sazlaryny höwes bilen diňläpdirler. Amangeldi göni Gökdepe urşuna gatnaşanlaryň biri.Ol esgerler bilen galanyň bir burçuny gorapdyr dien gürrüň hem bar.Gowga gatnaşýan adamlaryň biri bolan Kepele kör bahşy hem onuň ýanynda bolupdyr. Kör bahşy Kepele obasyndan bolmaly.Kepele kör (Batyr bahşy)söweş gidip durka, aýdym aýdyp,saz çalyp, söweşjeňleri ruhlandyrypdyr.Ol şol ýerde-de ok degip ölýär.
Amangeldi göni ýeke ussat tamdyraçy bolman, köp aýdym-sazlary hem döredip- dir.muňa mysal edip, „ Saltygy „- „ Gökdepe mukamyny „ -„ Burnaşagy „- „ Alagaýşlyny „we beýlekileri görkezmek bolar.Amangeldiniň döreden „ Heserli „- „ Jeren kyblam „- „ Jelil „„ Haji golak „ ýaly ençeme mukamlary hem Türkmen saz sungatyny müdimlik baýlaşdyrdy. Amangeldi „ ýeňdik „ diýlende kybla tarap ýüzüni tutup, namaz okap durka ok degip wepat bolýar. Amangeldi söweş edip ýörkä, Nurberdi Han Mary etrapynda kesel ýatypdyr. Ol Gökdepe gelip Amangeldiň guburynyň ýanynda çöke düşüp, bozulypdyr. Nurberdi Hanyň ogly Berdimyrat Hanam şol söweşde wepat bolýar. Nurberdi Han oglunyň gahramanlarça ölenine buýsanipdir.Ýöne ol “Indi Amangeldi göni ýaly sazanda bü golaýda döremez.Amangeldini hemişelik ýitirdik”diýipdir. Gökdepe söwesi: 28 awgust, 1879 – 12nji Januar 1881 bolan. Türkmen aýdym-sazlary görşüňüz ýaly hemmesi dürmüş wakalara degişli.