Mazmuna geçiň

Al-Utby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

ABU NASYR MUHAMMET ibn Abdal-Jepbar al-Utbi (eng:al-'Utbi, Abu al-Nasr Muhammad ibn 'Abd al-Jabbar) (961-1022/36) - Orta Aziýa taryhçysy. Ol Horasanyň hökümdary Abu Aly Simjurynyň (983-993) mürzesi bolupdyr. Soňra Gaznanyň hökümdary Söbükteginiň, 997-nji ýylda ol ölensoň, onuň ogly Ysmaýylyň, soňra ikinji ogly Mahmydyň mürzesi bolupdyr. Ol bu ýerde işlän döwründe syýasy taýdan-da möhüm rol oýnapdyr. Al-Utby öz eýelän ýokary wezipesini, bütin edebi talantyny peýdalanyp, 1021 ýylynda Soltan Mahmyt Gaznawynyň taryhyny - "Döwletiň sag goly kitaby" ("al-Kitab al ýemini") diýen kitabyny ýazyp gutarypdyr. Al-Utbynyň bu kitaby stil taýdan örän oňat we çeper ýazylypdyr. Ahmet ibn Aly al-Manini 1144-47 ýyllarda şol kitaba düşündiriş ýazypdyr. Ol 1286 ýylda düşündirişi bilen bilelikde Kairde çap edilipdir. Al-Utbynyň ol kitaby Orta Aziýa taryhynyň 975-1021 ýyllar aralygyndaky döwri barada möhüm çeşme hasaplanýar. Ol öz kitabynda terjimehalyny hem ýazyp galdyrypdyr.