Mazmuna geçiň

Al-Makdisi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

ABU ABDYLLAH MUHAMMET ibn Ahmet ibn Abu Bekir al-Mukaddasy, al-Makdisi (946/47 - takmynan 1000) - arap taryhçysy, geograf, syýahatçy. Ol Iýerusalimde doglypdyr. Yslam ýurtlarynyň köpüsinde diýen ýaly syýahat edipdir. Ol 985 ýylynda Samanitler üçin "Yklymy öwrenmek üçin iň oňat bölüniş" ("Ahsan at-takasym fi Marifat al-akalim") diýen iş ýazypdyr. Awtor soňra Fatimitler üçin onuň giňeldilen görnüşini taýýarlapdyr. Kitap 2 bölümden ybarat bolup, onda ilki umumy geografik, metodik, terminologik, awtobiografik häsiýetli maglumatlar berlipdir. Ondan soňra Arap ýarymadasy, Yrak, Akur (Mesopotamiýa we Arap Kiçi Aziýasy), Siriýa, Müsür, al-Magryp .. ýurtlary beýan edilipdir. Kitabyň II bölümi al-Maşryk, Horasan, Sejestan, Mawerannahr (Syrderýa we Amyderýa arasy), Deýlem (Gilýan), ar-Rihap (Azerbaýjan, Ermenistan, Kawkazlar), Jibal (Midiýa), Huzystan, Fars, Kerman we Sind ýurtlaryny öz içine alýar. Awtor her bir ýurdyň geografiýasyny, ilatyny we olaryň kärlerini, ykdysadyýetini, syýasy gurluşyny, peýdaly magdanlaryny, däp-dessurlaryny we ş.m jikme-jik beýan edipdir. Ol kitap Halifat ýurtlarynyň taryhyny, geçmişdäki geografiýasyny, ykdysadyýetini, medeniýetini we ş.m. öwrenmek üçin möhüm materialdyr.