Mazmuna geçiň

Al-Horezmi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

ABU MUHAMMET AL-HOREZMI (Muhammet ibn Musa al-Horezmi, 780-847) - Musa ibn Şäkir Horezminiň ogly, matematik, astronomi geograf. Ol Orta Aziýada ylmy pikiriň başyny başlan hasaplanýar. Birinji we ikinji derejeli deňlemäniň awtory we algebranyň esasyny goýan alym hökmünde tanalýar. Onuň ylmy eserlerinden "El-mahrutat" kitaby has meşhurdyr. Onuň iki dogany Ahmet we Hasan hem meşhur astronom bolupdyr. Üç doganyň üçüsi-de Beni Musa ady bilen şöhratlanypdyr. Alymyň matematika hasaplamalaryň praktiki ähmiýeti öz döwründe uly rol oýnapdyr. Onuň ylmy-barlaglary feodal jemgyýetiniň isleglerini kanagatlandyrmaklyga kömek edipdir.