Alı bin Isa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Ali bin İsa (Arapça: علي بن عيسى‎), Bagdatda doglandyr. IX. asyrda astronomiýa, geografiýa esasan hem optika boýunça uly işler alyp baran Musulman alymydyr.

Ali bin Isa Orta Asyrlarda göz hassalyklary hakynda ýazylan ilkinji eser Notebook of Oculist (Göz Lukmanynyň Depderi) atly eserini ýazandyr. Bu eser onuň Orta Asyr Ýewropasynda Jesu Occulist ady bilen tanalmagyna sebäp bolandyr. Jesu Latyn dilinde Isa diýmegi aňladýar. Bu eser ilki bilen Pars diline terjime edilýär. Soňra bolsa, Latyn diline terjime edilip, 1497-nji ýylda Wenesiýada çap edilýär. Has soňra bolsa, 1904-nji ýylda Hirschberg we Litter tarapyndan Nemes diline; 1936-njy ýylda bolsa, Casey Wood tarapyndan Iňlis diline terjime edilendir. Ibn İsanyň bu kitaby, özünden soň gelen optika alymlary tarapyndan iň köp ýüz tutulan kitap çeşmelerinden biri bolandyr. Ali bin Isa bu işlerinden başga-da 827-nji ýylda Halid bin Abdulmelik bilen bilelikde, dünýäniň töweregini ölçäp, 40.248 km. netijesini alandyrlar. Beýleki çeşmelerde bu netije 41.136 kilometrdir.