Akgoýunly döwleti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Akgoýunly döwleti— Garagoýunly Jahan şa 1467-nji ýylda Muş diýen ýerde akgoýunly taýpasynyň ýolbaşçysy Uzyn Hasan bilen bolan çaknyşykda ölýär we Garagoýunly döwleti ýaşamagyny bes edýär.

Gargoýunly döwleti ýykylanyndan soň‚ onuň ýerlerinde Akgoýunly türkmen döwleti döreýär. Akgoýunly türkmen döwleti hem Töwriz şäherini öz paýtagtyna öwürýär. Akgoýunly türkmen döwleti Azerbaýjandan daşary Ermenistany‚ Kürdistany‚ Yragy we Eýranyň bir bölegini özüne birikdirýär. Akgoýunly taýpa birleşiginiň esasyny türkmeniň baýandyr taýpasy düzüpdir. Döwletiň baýdagynda ak goýunyň şekiliniň bolandygy sebäpli oňa Akgoýunly türkmen döwleti diýipdirler.

Akgoýunly döwleti Uzyn Hasanyň dolandyran döwründe (1453-1478) has gülläp ösýär. Ol Italiýa‚ Wengriýa‚ Awstriýa‚ Polşa we beýleki Ýewropa döwletleri bilen diplomatik hem-de söwda gatnaşyklaryny ýola goýupdyr. Bu döwletler Azerbaýjan hökümdaryny türk soltany Mehmet II garşysyna göreşde özleriniň ýarany hökmünde görüpdirler.

Hatda Uzyn Hasan Osmanlylaryň garşysyna söweşmek üçin Wenesiýa bilen ýaranlyga hem giripdir. Akgoýunlylaryň paýtagty Töwrizde Wenesiýa ilçileri- Lazaro Kwirino‚ Katarino Zeno‚ Jozeppa Barbara‚ Abrojo Kontarini hemişelik diýen ýaly bolup, olar özleriniň Azerbaýjana syýahatlary barada gymmatly ýazgylary galdyrypdyrlar.

Uzyn Hasanyň ejesi Sara hatyn hem Ýewropada we gündogarda diplomat we döwlet işgäri hökmünde özüni tanadypdyr. 1472-nji ýylda Akgoýunly döwleti türk soltany Mehmet II Fatihyň goşuny bilen çaknyşýar. Bu söweşde Wenesiýa akgoýunlylara kömek etmek maksady bilen öz flotyny Turkiýanyň kenarlaryna iberendigine garamazdan Uzyn Hasanyň goşuny ýeňilýär. Emma muňa garamazdan türk soltany Azerbaýjany alyp bilmeýär. 1478-nji ýylda Uzyn Hasan ölenden soňra Akgoýunly döwletiniň içinde tagt ugrynda söweş başlanýar. Netijede, Akgoýunly türkmen döwletiniň ýerine Uzyh Hasanyň gyzyndan bolan agtygy Ysmaýyl I şa Sefewiler döwletini döredýär.