Ak Guwlar barada
Tebigy baýlyklary goramak we tygşytly peýdalanmak hem-de biologik dürlüligi gorap saklamak meseleleri bu günki gün bütin dünýä boýunça aýratyn ähmiýete eýedir. Bu möhüm wezipe «Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşiniň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» hem öz mynasyp beýanyny tapýar. Goraghanalar biodürlüligi gorap saklamagyň iň bir amatly künjekleri hasaplanýar. Türkmenistanyň «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky» Kanunynyň 21-nji maddasynda bolsa «Tebigatyň ýyl ýazgysyny ýöretmek döwlet tebigy goraghanalaryň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýlip nygtalýar. Hut şunuň özi hem Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Esenguly bölümçesiniň hünärmenleriniň öz işlerine bolan jogapkärçiligini has-da artdyrýar. Iş alnyp barylýan çäklerde tebigatyň ýyl ýazgysyna takyk maglumatlary hödürlemek üçin migrasiýa döwründe gyşlamaga köpçülikleýin uçup gelýän guşlaryň sanyny, biodürliligini, görnüşlerini ýörite ýöredilýän gündeliklerde dürs kesgitlemek biziň baş wezipämiz bolup durýar. Ençeme ýyllaryň dowamynda toplanan maglumatlara görä, biziň meýdançamyza guşlaryň 302 görnüşiniň gyşlamga gelýändigi kesgitlenildi. Olaryň 29 görnüşi Türkmanistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşirine girizildi, iki görnüşi bolsa Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň 1-nji derejesiniň sanawyna goşuldy. Meýdançamyzyň çägine gyşlamaga gelýän guşlaryň on görnüşini bolsa awlamak bütinleý gadagandyr. Meýdançamyzyň ýaraşygyna öwrülen ak guwlar her ýylyň gyş aýlarynda biziň iýmit ätiýaçlygyna bol ýalpak suwly kenarymyza köpçülikleýin uýup gelýärler. Uçuşda sürüden bölünmezlik guwlarda berk endikdir. Bu bolsa guwlaryň birek-birege çäksiz wepadarlygyndan habar berýär. Görer göze hemmesi ak reňkli bolup görünse-de, guwlar dürli alamatlary boýunça öz aralarynda biri-birinden tapawutlanýarlar. Biziň Esenguly meýdançamyzyň giňişliklerinde bu guşlaryň esasan, üç görnüşine duşmak bolýar. Olar tauty (gyzylçüňk guw), sorha (sykylykçy guw) we tundra (kiçi guw) diýlip atlandyrylýar. Arassa ak reňki bolan tauty gazlara görä ulurakdyr. Beýleki guwlara garanyňda çüňküniň düýbünde gara, etlek, uly ösüntgisi bolup, ol mäkiýanynda anyk görünmeýär. Sykylykçy guwdan tapawutlylykda, gyzylçüňk guwuň boýny «S» harpyny ýada salýar. Suwdaka çüňküni we kellesini kese saklaýar. Tauty guwlary biziň goraýan çäklerimize ýanwar, fewral we mart aýlarynda uçup gelýärler. Sykylykçy guw tauty guwlaryndan kiçi, ak reňklidir. Ýöne olaryň ýelek örtükleri örän dykyz, bedenleri süýnmek, göni boýunlary göwresiniň uzynlygyna deňdir. Ganatlary göwresine berk gysylyp dursa-da, gapdaldan seredeniňde, sykylykçy guwlaryň arkalary tegelegräk görünýär. Kellesiniň uzynlygyna deň gelýän göni çüňküniň uly tegelek, ýöne çykyntgysy ýokdur. Çüňküniň ujy gara, galan ýeri bolsa burny bilen bilelikde sarydyr. Öňler meýdançamyza her ýylda bu guwlaryň 3-4 müňe golaýy gyşlamaga gelerdi. Emma soňky döwürlerde olaryň sany kemeldi. Deňiziň ýalpak suwly batgalyk ýerlerinde iýmit ätiýaçlygy az bolan ýyllary sykylykçy guwlara goraghanamyzda bütin ýylyň dowamynda duşmak bolýar. Kiçi ýa-da tundra guwy – guw görnüşleriniň içinde iň kiçisidir. Beýleki guwlaryň agramy 12 kilogramdan geçýän bolsa, olaryň agramy 6 kilograma-da ýetmeýär. Siňe seretmän, daşynndan synlaýan adamlaryň köpüsi olara ak gazlar ýa-da ak hokgarlardyr öýdýärler. Bularyň hem ulularynyň sap ak reňki bolup, mäkiýanlary horazlaryna garanyňda, biraz kiçiräkdir. Olar beýleki guwlardan çüňkleriniň we aýaklarynyň garalygy, çüňkleriniň gapdallary bolsa burun deşiklerine ýeter-ýetmez diýen ýaly, sary tegmilleri bilen tapawutlanýarlar. Goraghanamyza seýrek gelýän tundra guwlary, aslynda-da, az sanly guşlardyr. Bu ýerde uzak ýyllaryň dowamynda işlän alymlaryň maglumatlaryna görä, olara 1991-nji ýylda deňiz Çekişleriň demirgazygyndaky ýalpak suwly kenarynda duş gelnipdir. 2013-nji ýylda çapdan çykan «Türkmenistan guşlary» atly suratly, ylmy meýdan kesgitleýjisiniň 63-nji sahypasynda tundra guwy barada: «Bu guşlar örän seýrek, bizde öwrenilmedik görnüş, onuň duş gelmegi baradaky islendik maglumat uly ylmy gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilmäge mynasyp guşdur» diýilýär. Mälim bolşy ýaly, kiçi ýa-da tundra guwy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. 2015-nji ýylyň 27-nji dekabrynda meýdançamyza «myhmançylyga» gelen bu guwlaryň 430 sanysy geçen ýylyň martyna çenli goraghanamyzyň ýaraşygy boldular. Biz olara şu gyşda-da garaşýarys. Aslynda esasy ýaşaýan mesgenleri Demirgazyk Amerikanyň tundra zolagy bolan bu guwlar Ýewropa ýurtlarynda höwürtgeleýärler. Ylmy maglumatlara görä, bu guwlaryň sany ol ýerlerde hem barha azalýar. Haýsy görnüşi bolanda-da häzirki wagtda guw awlamak ýurdumyzda gadagan edilendir. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde Türkmenistan Hazar deňzinde we Diýarymyzyň içki suwlaryndaky jandarlary gorap saklamak maksady bilen BMG-nyň biologik dürlülik baradaky Konwensiýasyna we onuň Kartahen Teswirnamasyna, şeýle hem suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde halkara derejä eýe bolan suwly batgalyk ýerleri goramak baradaky halkara Ramsar Konwensiýasyna gol çekip, öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edip gelýär. Häzirki wagtda goraghanamyza uçup gelýän dürli guşlar bilen birlikde, guwlar hem Türkmenistanyň üýtgemeýän baýlygydyr. ERW