Agamyradow Pürli Nurmämmedowiç
Agamyradow Pürli Nurmämmedowiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1962 Aşgabat şäheri |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary |
Milleti | Türkmen |
Agamyradow Pürli Nurmämmedowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Doglan senesi we ýeri
[düzet | çeşmäni düzet]1962-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýokary bilimli. 1986-njy ýylda Türkmen halk hojalyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça ykdysatçy. Ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]1979-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Abatlaýyş-gurluşyk müdirliginde işçi bolup işe başlady. 1986-1990-njy ýyllarda Türkmen halk hojalyk institutynda mugallym bolup işledi.
1990-1993-nji ýyllarda Belarus döwlet ykdysady uniwersitetiniň aspiranty.
1993-2002-nji ýyllarda Türkmen halk hojalyk institutynyň uly mugallymy.
2002-2008-nji ýyllarda Aşgabat şäher häkimliginiň düzümlerinde ýolbaşçy wezipelerde işledi.
2008-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenildi.
04.2015-26.01.2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň bilim ministri.
26.01.2018-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.
Döwlet sylaglary we atlary
[düzet | çeşmäni düzet]- «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly,
- «Magtymguly Pyragy» medaly,
- «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly,
- «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly,
- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly.
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]- Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny belledi[permanent dead link] //www.turkmenistan.gov.tm
Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.2.