Adile hatyn

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Osmanly hanym, soltan we şahyrlaryñ biri. Kakasy Osmanly soltany Mahmyt han II, ejesi Zernigar Hatyn. 1825-nji ýylda doguldy. Ol örän gowy maşgalada, gowy terbiýäni aldy. 1845-nji ýylda Kaptany-derýa Mehmet Aly paşşa durmuşa çykdy. Soltan Abdylmejit döwründe bir ýyla ýakyn sadrazamlyk eden Mehmet Aly Paşşa 1868-nji ýylda dünýeden ötdi. Adile hatyn adamsynyñ ölüminden soñ gyzyny hem ýitirýär. Onuñ gyzy dünýeden öteninden soñ Adile hatyn öýüne dolanyp barýar, hemme zady goý bolsun edip özüni ybadata bagş edip, garyp-pukaralara seredipdir. Olara elinden gelen kömegini gaýgyrmaýar. Ömri boýunça mekdep we pukaralaryñ öýlerini abatlaýyş geçirdip, çagalaryñ ylymly-bilimli bolmagy üçin elinden gelen kömegi berdi. Adile hatyn ömrüniñ soñky günlerini Fyndyklyda häzirki Güzel Sanatlar Akademiýasy bolan Sahilsaraýda geçirdi we 1898-nji ýylyñ Ýanwar aýynda dünýeden öteninde adamsy Mehmet Aly Paşşanyñ Eýýupdaky türbesinde depin edilipdir. Adile soltan şol döwürde Osmanly hanedanyna degişli Diwanyna degişli ýeketäk zenan şahyrdyr. Aýratynam Fuzuly we Şeýh Galibe nazireler we Ýunus Emräniñ terzinde şygyrlar ýazypdyr. Soltan Adiläniñ basylan Diwanynyñ ýazma nusgalary Uniwersitet we Topgapy köşginiñ kitaphanasynda bardyr.