Mazmuna geçiň

Adaty kerepli sakyrtga

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ol Türkmenistanyň gowaça ekilýän etraplarynda giňden ýaýran. Onuň reňki üýtgäp durýar, ýazyna sarymtyl-gök reňkli, güýzüne bolsa gyrmyzy-gyzyl reňkli bolýar. Onuň uzynlygy 0,3一0,4 mm. Sakyrtgalar ýapraklaryň iç ýüzünde kerep gurup, onuň aşagynda topar bolup ýaşaýarlar. Sakyrtgalaryň agzy sanjyjy-sorujy bolup, olar esasan gowaçanyň şiresi bilen iýmitlenýärler. Iň zyýanlylaryň biri kerepli sakyrtga bolup, ol ösümlikleriň 200-den gowrak görnüşlerine zeper ýetirip bilýär. Ol gowaçany guradýar ýa-da onuň hasyllylygyny peseldýär.