Adam we biosfera
Tebigaty goramak – bu adamzadyň häzirki we geljekki nesilleriniň eşretli ýaşaýşy üçin tebigy gurşawy hapalanmakdan we dargadyjy hadysalardan goramak maksady bilen tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga, olary gaýtadan dikeltmäge hem-de goramaga gönükdirilen halkara, döwlet derejesindäki we jemgyýetçilik çäreleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan ulgamydyr.
Adam üçin, şeýle hem beýleki islendik biologik görnüş üçin tebigat – bu ýaşaýyş gurşawydyr hem-de ýaşamagyň möhüm çeşmesidir. Uzak döwürleriň dowamynda adamlar tebigata özleri üçin zerur bolan material barlyklaryň tükeniksiz çeşmesi hökmünde garapdyrlar. Siwilizasiýanyň has irki döwürlerinden bäri ekerançylyk üçin tokaýlaryň çapylmagy we otlanmagy, tebigy meýdanlarda mallaryň çenden aşa köp bakylmagy, ýabany haýwanlaryň yzygiderli awlanmagy, tebigata uly howp salýan adamzat uruşlarynyň gaýtalanmagy ösümlik toparlanmalarynyň düýpli dargadylmagyna, haýwanlaryň köpüsiniň gyrlyp tükenmegine, hatda uly sebitleriň hem tebigy baýlyklara düýpli garyplaşmagyna sebäp bolupdyr. Ilatyň sanynyň artmagy hem-de intensiw häsiýetde oba hojalygynyň, senagatyň, ulag ulgamynyň ösdürilmegi Ýewropada, Demirgazyk Amerikada tokaýlaryň örän köp möçberde ýok edilmegine getirdi. Mallaryň tebigy meýdanlarda çenden aşa köp bakylmagy bilen Orta Aziýada, Demirgazyk Amerikada, Ýewropanyň we ABŞ-nyň günorta sebitlerinde tokaýlaryň hem-de ot ösümlikleriniň ýok edilmegi zerarly toprak örtügi eroziýa hadysasyna güýçli derejede sezewar boldy. Ýewropada, Amerikada we Afrikada haýwanlaryň onlarça görnüşi gyrlyp ýok edildi.
Biosfera hadysalarynda häzirki zaman derejedäki özgertmeler senagat rewolýusiýasy netijesinde XX asyrda başlanypdy. Energetikanyň, maşyn gurluşygynyň, himiýa senagatynyň, ulag ulgamynyň we beýleki halk hojalyk pudaklarynyň intensiw ösdürilmegi adamazat işjeňligniň biosferada bolup geçýän tebigy energetiki we material hadysalaryň derejesi bilen deňleşmesine getirdi. Adamzadyň energiýa we tebigatyň maddy baýlyklaryna bolan islegleri ilatyň sanynyň artyşyna göni proporsional häsiýetde, hatda ondan hem ýokarlanan derejede ösýär. Ýöne häzirki döwürde adamzat tebigata diňe talap edijilikli äheňde çemeleşmekligiň betbagtçylykly, ekologiýa taýdan howply netijelere getirýändigine akyl ýetirdi. Şoňa görä-de, adamzat zerurlyk hökmünde ýuwaş-ýuwaşdan tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaly, olara aýawly çemeleşmeli hem-de tebigaty goramaly diýlen netijä geldi.
Edebiýatlar
[düzet | çeşmäni düzet]Durdyýew S., Aşyrmyradowa Ş., Nurberdiýew N. Ekologiýa 11. Aşgabat TDNG 2014.
- IUHD. Hemidow Arslan