Adaglama

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Adaglama —Ömürboýy bile ýaşajak, her hili kynçylyklary bilelikde ýeňip geçjek, täze dünýä injek çagalara eýe boljak oglan bilen gyzyň nikahdan öň biri-birini görüp, tanyşmagy, häsiýetlerini öwrenmegi täze guruljak maşgalanyň berkligi üçin öpän möhümdir.

Șonuň üçin gudaçylyga barlandan soň, gyz-oglanyň biri-birini synlamagy dini taýdan dürsdür. Pygamberimiz: «Sizden haýsyňyz hem bolsaňyz biriňiz bir gyzy ýa-da aýaly nikahlap aljak bolsa, ony gowy synlasyn», (Ebu Dawud) diýipdir. Hatda, durmuş gurmakçy bolýan zenan maşgalanyňam äre barmakçy adamynyň aslyny soramagy, ýakyndan tanaýanlar bilen maslahatlaşmagy, tanaýanlaryň bolsa, ol barada bilýänlerini doly aýtmagy hiç hili ilden çykma däldir. Bu mesele bilen baglanyşykly şu hadysy mysal getirip bileris: Pygamberimiziň ýanyna Kaýsyň gyzy Fatyma gelip: «Ebu Jehm b. Huzeýfe bilen Muawiýe b. Ebu Sufýanyň söz aýdyjy gelendigini we haýsyna barsa gowy boljagy barada maslahat soraýar. Pygamberimiz: «Ebu Jehm aýallary uragandyr. Muawiýe bolsa garypdyr. Sen gowusy Usamä durmuşa çyk», (Tirmizi) diýipdir. Öýlenjekleriň biri-birini görmegi, gürleşmegi ikiçäk ýagdaýda bolup geçmeli däldir. Gyzyň ýanynda hökman mähremlerinden biri bolmalydyr. Çünki yslamda nikahdan öň ýigit bilen gyzyň hylwat ýerde ikiçäk duşuşmagy dürs däldir. Iki tarap hem razyçylyk bildirenden soň, gyz-oglan adaglanýar. Mundan soň başga biriniň sawçylyga baryp, ara düşmegi dürs däldir. Ýöne iki tarap razylaşmadyk ýagdaýynda täze barjaklar öňkülerden rugsat soramalydyr. Pygamberimiziň bir hadysynda şeýle buýrulýar: «Sizden hiç biri din doganynyň gudaçylyga barýan ýerine guda bolmak niýeti bilen barmasyn», (Müslim). Adaglanmak öýlenmegi mejbur edýän däldir. Ol islendik wagt bozulyp bilner. Adaglanmak taraplara bile ýaşamak hukugyny hem bermeýär. Adaglananlaryň ýaramaz niýeti bolmasa-da, nikah gyýylýança olar biri-biri üçin ýatdyr, nämähremdir. Șonuň üçin adaglananlaryň ikiçäk tirkeşip ýörmegi bolmaýar. Adaglanmagyň bozulmagy köplenç gyz tarapynyň abraýyna zeper ýetirýär. Șonuň üçin adaglanmak wagty uzaga çekmeli däldir. Eger adaglanmak erkek tarapyndan bozulsa, berlen sowgatlar yzyna alynmaýar. Eger gyz tarapyndan bozulsa, sowgatlar yzyna berilmelidir. Gyzyň ýigitde üns bermeli esasy aýratynlygy: onuň dini we ahlak arassalygydyr. Pygamberimiz bir hadysynda bu barada şeýle aýdypdyr: «Eger biriniň dinini berjaý edişinden we ahlak arassalygyndan hoşal bolsaňyz, ol hem gyzyňyza öýlenmek islese, ony yzyna gaýtarmaň. Eger şeýle etmeseňiz, ýer ýüzünde pitne we bozuklyk dörär» diýipdir. Sahabalardan biriniň: – Eý, Resulallah, eger ol garyp ýa-da tanymal maşgaladan däl bolsa nätmeli? – diýen sowalyna, Pygamberimiz ýene: «Eger biriniň dinini berjaý edişinden we ahlak arassalygyndan hoşal bolsaňyz, ol hem gyzyňyza öýlenmek islese, ony yzyna gaýtarmaň. Eger şeýle etmeseňiz, ýer ýüzünde pitne we bozuklyk dörär» diýip, öňki aýdanyny üç gezek gaýtalapdyr, (Mansur Aly Nasyf «Et-Täjül-Jamy»). Kurany Kerimde bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýilýär: «Araňyzdaky öýlenmedikleri we durmuşa çykmadyklary we salyh gul-gyrnaklary öýeriň. Eger olar garyp bolsa, Allah lutfy-keremi bilen olary mätäçlikden halas eder. Çünki Allahyň lutfy-keremi giňdir. Ol her bir zady bilýändir», (Nur, 32). Erkegiň aýal maşgalada üns bermeli esasy aýratynlygy, onuň dini we ahlagy arassa, namysyny gorap bilýän bolmalydyr. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Aýal maşgala dört zady sebäpli nikahlanýar: bular – mal baýlygy, nesebi (asly), owadanlygy we dindarlygydyr. Sen dindar bolanyny saýla, parahat ýaşarsyň, bereketiň artar». Din we ahlak arassalygy iň esasy aýratynlykdyr. Maşgala durmuşy diňe şu dünýä degişli durmuş däldir. Ol perzentler bilen dowam edýän we ahyretde hem dowam etjek durmuşdyr. Pygamberimiz: «Aýaly maly we owadanlygy üçin nikahlap alan baýlykdanam, owadanlykdanam mahrum ediler», (el-Heýsemi «Zewaid) diýipdir.

Șonuň üçin dünýä we ahyret bagtynyň çeşmesi bolan ýagşy maşgala şu dünýädäki jennet köşgüdir. Bu meselede ýalňyşlyk goýberen iki dünýesini-de berbat eder.