Mazmuna geçiň

Abylgazy hanyň türkmenlere garşy ýörişleri

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Abylgazy Bahadyr hanyň Türkmenlere garşy ýörişleri - 17. asyryň ortalarynda Hywa hanlygynda han begleriniň arasynda häkimiýet ugrunda syýasy göreş tutaşypdyr. Dürli toparlar bu göreşde özbek we türkmen begleriniň güýjünden peýdalanmaga çalşypdyrlar. Türkmen atly goşunynyň güýjüne daýanyp häkimiýet başyna geçen we ýurdy dolandyran Isfendiýar hanyň (1623-1642) döwründe, ylaýta-da ol ölenden soňra içki syýasy garşylyklar has-da ýitileşipdir. Türkmen begleri zerur pursatda aýgytly hereket edip bilmändirler. Bu bolsa özbek feodallaryna daýanyp öňden bäri Isfendiýara garşy göreşip gelen onuň inisi Abylgazynyň 1645 ýylda häkimiýet başyna geçmegine mümkinçilik beripdir. Şeýlelikde, Hywada özbek feodallarynyň agalygy dikeldilipdir. Abylgazy han öz häkimiýetini berkitmek we ýurtda türkmen tireleriniň soňuna çykmak maksady bilen türkmenlere garşy rehimsiz urşa başlapdyr. Ol ilki türkmenleri suwdan kesip, olary gowy ýerlerden gysyp çykaryp başlapdyr. Hanlygyň gündogar-demirgazyk bölegindäki özbek feodallarynyň ýerlerine täze kanallaryň geçirilmegi Derýalykda suwuň akymyny düýbünden togtadypdyr. Şeýlelikde, demirgazyk-günbatardaky ozal gülläp oturan galapyn türkmen ilatly welaýatlar, şol sanda Adak, Bezir, Buldumsaz, Ürgenç (Köneürgenç) ýaly şäherler hem çäklenmän, türkmen obalarynyň üstüne häli-şindi talaňçylykly çozuşlar gurap durupdyr. Türkmenlere garşy uruşda Abylgazy han ähtiýalanlygyň we namartlygyň iň ýaramaz serişdelerinden hem gaýtmandyr Ol 1646 ýylda Hywa türkmenleriniň köp sanly tanymal wekillerini Hazaraspyň ýanyndaky bir oba çagyrypdyr. Uly meýlisden soň, gijäniň bir wagty, öňünden gowy taýýarlanylan aýylganç gyrgynçylykda türkmen urug-tire ýolbaşçylarynyň we nökerleriniň 200-den gowragy gyrlypdyr. Gyrgynçylyga we talaňçylyga sezewar bolan, ýerden-suwdan mahrum edilen Hywa türkmenleriniň köpüsi häzirki Türkmenistanyň günorta etraplaryna gaçyp gitmäge mejbur bolupdyrlar. Emma bu ýerde hem Abylgazy han olary öz gününe goýmandyr. 1646 ýylyň aýagynda ol Tejende mekan tutan türkmenleriň üstüne dökülip, olary talapdyr, gyrypdyr. Şondan soň Tejen türkmenleriniň bir topary Mara, beýleki uly topary hem Ahala tarap gidipdir. 1648 ýylda Abylgazy han Ahaldaky türkmenleriň üstüne uly ýöriş gurapdyr. Şol wagt Abylgazy hanyň zulumundan gaçyp gelen türkmenleriň uly topary Bamy we Börme töweregine üýşen eken. Hywa goşunlary golaýlaşanda, olar öz maşgalalaryny we goşlaryny çölde gizläpdirler, özleri hem Börmede berkitme gurap, goranmaga taýýarlanypdyrlar. Uzaga çeken gan döküşikli söweşde berkitmäni goraýjylaryň köpüsi gurban bolupdyr. Abylgazy han Börmäni eýeländen soň, türkmenleriň çöldäki öý goşlaryny we maşgalalaryny olja alypdyr. 1651 ýylda Abylgazy han Demirgazyk Etrek çöllerinde çarwaçylyk edýän türkmenleriň üstüne çozupdyr. Hywa goşunlary köp sanly esir we mal sürüp äkidipdirler. 1653 ýylda Abylgazy han ýene-de Ahalyň üstüne ýöriş edip, Goçatanyň ýanyndaky emrelileriň birentek obasyny tozduryp gidipdir. Gaýdyşyn ol Dynar guýusynyň golaýynda oturan salyrlylaryň obasyny talapdyr. Köp sanly talaňçylykly çozuşlar we gyrgynçylyklar etmegine garamazdan, Abylgazy hana türkmen taýpalaryny boýun egdirmek başartmandyr.