Abu Dawud

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Abu Dawud as Sijistani (Arapça:أبو داود سليمان بن الأشعث الأزدي السجستاني "Abu Dawud Suleýman ibn al Eşas al Ezedi as Sijistani") (dogluşy: hijri 202-nji/ milady 817-nji ýyl - ýogalyşy: hijri 275-nji/ milady 889-njy ýyl), Kutub as Sittadan biri bolan Sunan al Abu Dawud atly eseriň ýazary we hadys alymy.

Horasan sebitiniň, häzirki Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky Sijistanda doguldy. Okuwyna şol ýerde başlady. 18 ýaşyndan başlap ylym öwrenmek maksady bilen Bagdat, Basra, Mekge, Kufa, Homs, Balh, Şam we beýleki birnäçe şäherlerde boldy. İbn Hajar, Abu Dawuduň 300-e ýakyn mugallymdan sapak alandygyny belläp geçýär.