Abu Aly ibn Sina
Doly ady: Abu Aly el-Huseýin ibn Abdylla ibn el-Hasan ibn Aly ibn Sina.
Doguldy: 980-nji ýylyñ Awgusty. Buhara, Afşana obasy.
Ýogaldy: 21.06.1037 ý (56 ýaşynda) Hemedan
Ilat: Samanly döwleti (häzirki Özbegistan)
Dini: Yslam
Ylmy ýoly: Pelsepe, Lukman, Himik
Golýazmasy: El-Kanun fit-Tib (Lukmançylygyñ kanunlary) kitaby
Halypasy hasap etdi: Gippokrat, Aristotel, Kindni, Biruny.
Şagirtleri: Nasiruddin Tusy, Şyhabeddin Suhrewerdi, Albertus Magnus, El-Faraby.
Ibn Sina (Parsça: ابن سینا ) Doly ady: Abu Aly al-Husaýn ibn Abd Allah ibn Al-Hasan ibn Aly ibn Sina (doguldy: 980-nji ýyl. Buharanyñ Afşana obasynda. Ölümi: 21.06.1037-nji ýyl. Hemedan) Lukman, şepagatçy, fizik, ýazyjy, filosof we alym.
Umumy
[düzet | çeşmäni düzet]Buhara ýakynlaryndaky Afşana obasynda (Özbegistan) miladynyñ 980-nji ýylynda eneden dogulýar we Hemedan şäherinde (Eýran) 1037-nji ýylda dünýeden ötýär. Lukmançylyk we Pelsepe ugurlary boýunça umumy 200 kitap ýazypdyr. Öz döwründe Günbataryñ, Orta Asyrlaryñ Modern ylym biliminiñ gurujysy, hekimleriñ baştutany hökmünde tanalar eken. Lukmançylyga degişli işi onuñ döwründen bäri ýedi asyr boýunça salgylanma çeşme eseri hökmünde El-Kanun fit-Tib (Tebipçiligiñ kanuny) atly kitaby bilen meşhur bolan we bu kitap Ýewropa uniwersitetlerinde XVII asyryñ ortalaryna çenli tebipçilik ylmynda ygtybarly eser hökmünde okadylypdyr[1][2][3][4][5][6]. Pars ýa-da Türki alymy[7][8] hasap edilýär. Milletiniñ kimligi anyklanylmadyk. Ibn Sina Kuşýar atly bir hekimiñ elinde ylym-bilim alýar. Her hili bölümler boýunça 240 sanysy biziñ günlerimize gelip ýeten 450-ä golaý makala ýazypdyr. Elimizdäki ýazgylaryñ 150 sanysy pelsepä degişli, 40 sanysy bolsa tebipçilige degişlidir. Eserleriniñ iñ meşhurlary pelsepe we fenden ybarat bolan Kitabuş-Şifa (Gowulaşma kitaby) bilen El-Kanun fit-Tibdir (Tebipçiligiñ kitaby). Bu iki eser orta asyrlardaky uniwersitetlerinde okadylypdyr. Hatda bu eser Montpellier we Louwainde hem 1650-nji ýyla çenli ders kitaby bolup hyzmat edipdir. Samanogullarynyñ köşgüniñ kätipleriniñ biri bolan Abdylla bin Sinanyñ ogly Ibn Sina (Günbatarda, Ýewropada Awisenna (Avicenna) ady bilen tanalýar), kakasyndan, meşhur Natiliden we Ysmaýyl Zahytdan ders alypdyr. Geometriýa (aýratynam Owklidiñ geometriýasy), mantyk, fykh, sarf, nahiw, tebipçilik we doga bilimi ugurlary boýunça birnäçe işleri bar. Farabynyñ el-Ibaneniñ [9] sebäp bolmagy bilen Aristoteliñ pelsepesini we onuñ ylmyny öwrenip, syrkawlan döwrüniñ Buhara şazadasyny sagaldyp (997 ý) köşgüñ kitaphanasyndan peýdalanýar. Kakasy öleninde Jürjanda Şirazly Ebu Muhammet ony penalady (Tebipçilik kanuny kitabyny Jürjanda ýazdy). Öz döwründe tanalan bütin grek filosoflarynyñ we Anadoly dogaçylarynyñ ýollaryny derñeşdiripdir.
Eserleri
[düzet | çeşmäni düzet]1. El-Kanun fit-Tib, (Tebipçilik bilen baglanyşykly maglumatlar berilýär. Orta asyrlarda dört ýüz ýyl Günbatarda ders ders kitaby hökmünde ulanylypdyr). Latynça on sany terjimesi bolupdyr.
2. Kitabul Nejat (Halas boluş kitaby). Bu kitap Metafizika hakynda ýazylan ygtybarly kitapdyr.
3. Risale fil-ilmi-l-ahlak (Ahlak gürrüñleri hakynda kitapça)
4.Yşarat-wel-Tembihat (Mantyk, Fizik we Metafizik bölümlerine degişli).
5. Kitabuş-Şyfa (Mantyk, Matematika, Fizika we Metafizika gürrüñlerinden ybarat bolan on bir jiltlik kitap. Birnäçe gezek latynça terjime edilipdir we ders kitaby hökmünde öwredilipdir.
Mantyk bölümi, Giriş, Kategoriýalar, Teswirlemeler, Topikler, Sufistik deliller, Retorik we Poetika kitaplaryndan ybaratdyr. Tebigat bilimleri bölümleri, Fizik, Gök ýüzi we Älem, Peýda boluş we Ýok boluş, Mineralogi we Meteoroligi, Psihologi, Botaniki we Biologi kitaplaryndan ybaratdyr.
Matematik bilimlerine degişli bölümi bolsa Geometriýa, Arifmetika, Musiki we Astronomiýal kitaplaryndan ybaratdyr. Ýigrimi ikinji we soñky kitaplary bolsa Metafizika hakyndadyr[10].
Abu Aly ibn Sina "Sagdynlygyň ylmy" diýen ensiklopedik işiniň IX-XII kitaplaryny matematikanyň her hili meselelerine bagyşlapdyr.Bu kitaplar “Gysgaldy-lan Ýewklid “ , “Gysgaldylan Almagest”, “Sanlaryň ylmy” we “Sazyň ylmy” diýip atlandyrylypdyr. Bu kitaplarda Ýewkilidiň “Başlangyçlar” atly meşhur işiniň üstüne biraz täze maglumatlar goşulyp, baýlaşdyrylyp beýan edilipdir. Abu Aly ibn Sinanyň “Gysgaldylan Almagest” atly işi bolsa, on sany geometrik sözlemler täzeden goşulan ”Sanlaryň ylmy”, Nikomahyň “Arifmetika giriş” atly kitabynyň gysgaça beyannamasydyr.Bu ýerde sandan kwadrat kök alnanda netijäniň dogry ýa-da ýälňyşdygyny derňemek usuly goşmaça beýan edilýär. Ibn Sinanyň arifmetik traktaty Gollandiýanyň kitaphanasynda saklanýar. Bu kitabyň mazmuny boýunça Ibn Sinanyň 18 ýaşyna çenli öz döwrüniň matematikasyny gowy özleşdirendigini bilmek bolýar.Ibn Sina öz ylmy işlerinde birnäçe arifmetiki meseleleriň çözülüşini berýär.Häzirki wagtda bu meseleler “Sanlaryň nazaryýeti” diýen at bilen öwrenilýär.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]1. [Şewki Ebu Halyl, Arap Yslam Medeniýeti, Sahypa - 511]. <ref "Avicenna"Encyclopaedia Britannica da, Terjime edilen. 2006 (www.britannica.com/eb/article-9011433/Avicenna); D. Gutas,"Avicenna"in Encyclopaedia Iranica, Terjime edilen. 2006, (www.iranica.com/newsite/articles/v3f1/v3f1a046.html); Avicenna (Encyclopedia of İslam: © 1999 Koninklijke Brill NV, Leiden, Hollanda)
2. Avicenna, Encyclopaedia Britannica
3. Avicenna: Persian Muslaim physician, scientist and philosopher,The New Medicine
4. Sina (Avicenna) of Persia,ibnsinaavicenna.com
5. Cyril Glassé,Huston Smith, The New Encyclopedia of Islam, Rowman Altamira, 1 Şub 2003, p.200. "Persian father and Turkic mother"
6. Ibn Sina ("Avicenna") Encyclopedia of Islam. 2nd edition. Edited by P. Berman, Th. Bianquis, C.E. Bosworth, E. van Donzel and W.P. Henrichs. Brill 2009. Accessed through Brill online: www.encislam.brill.nl (2009) Quote: "He was born in 370/980 in Afshana, his mother's home, near Bukhara. His native language was Persian." A.J. Arberry, "Avicenna on Theology", KAZI PUBN INC, 1995. excerpt: "Avicenna was the greatest of all Persian thinkers; as physician and metaphysician"[1] Henry Corbin, "The Voyage and the messenger: Iran and Philosophy", North Atlantic Books, 1998. pg 74:"Whereas the name of Avicenna (Ibn sinda, died 1037) is generally listed as chronologically first among noteworthy Iranian philosophers, recent evidence has revealed previous existence of Ismaili philosophical systems with a structure no less complete than of Avicenna"
7. Ravil Bukharaev, Islam in Russia: The Four Seasons, Palgrave Macmillan, 16 Eyl 2000, p.95
8. Theodore Craig Levin, The Hundred Thousand Fools of God: Musical Travels in Central Asia (And Queens, New York), Indiana University Press, 1996, p.40
9. [1] Prof.Dr. Cavit SUNARİslam'da Felsefe ve Farabi PDF
10. Ibn Sina Metafizikasy (Türkçä terjime eden: Ömer Türker-Ekrem Demirli), Stambul: Litera neşirýaty 2013 ss. XI