Abstinensiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Abstinenssiýa (latynça abstinentia - saklanma) - arakhorlarda we neşekeşlerde içgi ýa-da neşe ýetmezçiliginde döreýän kesel. Abstinenssiýa arakhorlygyň, neşekeşligiň esasy alamatlarynyň biridir. Bu hili keselli adamlarda gowşaklyk, ysgynsyzlyk, kelleagyry, ýürek bulanma, tukatlyk, susluk, ukusyzlyk peýda bolup, olar ýatanlarynda basyrganýarlar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä iň köp abstinenssiýa alkogol, nikotin, geroin maddalary alýan adamlarda duş gelýär. Olaryň alýan maddalary bedenine ornaýar we birden kesilende bedene ornan maddanyň ýetmezçiligi döreýär.